Russiýa-Müsür uçar saparlary ýaňadandan başlady

Russiýanyň Müsüre goýan uçuş gadagançylygy bes edildi we ilkinji uçar sapary amala aşyryldy

Russiýa-Müsür uçar saparlary ýaňadandan başlady

Halkara Kair howa menziliniň ýolbaşçylarynyň berýän maglumatyna görä, Rus Howa ýollary Aerofloda degişli 400 saparly uçar 120 ýolagçysy bilen Kaire gondy.

Kair bilen Moskwanyň arasynda hepde-de 6 uçar saparynyň guralmagy meýilleşdirilýär.

Russiýa 2015-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Müsürden uçan rus ýolagçy uçarynyň partlama sebäpli heläkçilige uçramagyndan soň Müsüre uçar saparynyň guralmagyny gadagan edipdi.

 


Etiketkalar: Russiýa , Kair , uçar saparlary

Degişli Habarlar