Zeýbekji: “2017-nji ýylyň ösüşi dördünji çärýegiň ahyrynda 7 göterimden ýokary bolar”

Zeýbekji Stambulyň Senagat Birleşsiniň Ykdysadyýet ministrligi bilen bolan geňeşine gatnaşdy

Zeýbekji: “2017-nji ýylyň ösüşi dördünji çärýegiň ahyrynda 7 göterimden ýokary bolar”

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji 2017-nji ýylyň ykdysady ösüşiniň dördünji çärýegiň ahyrynda 7 göterimden ýokary boljakdygyny aýtdy

Zeýbekji Stambulyň Senagat Birleşsiniň Ykdysadyýet ministrligi bilen bolan geňeşine gatnaşdy.

Zeýbekji hususy pudagyň Türkiýäniň ykdysadyýeti üçin eýeleýän ähmiýetine ünsi çekip, dünýäniň şol bir depginde özgermäge dowam edýändigini, Türkiýäniň hem şol dünýäde mynasyp orny eýelejekdigini aýtdy.

“2017-nji ýylyň ykdysady ösüşi dördünji çärýegiň ahyrynda 7 göterimden hem ýokary bolar” diýen Zeýbekji, eksportda ýetilen sepgit barada-da durup geçdi.

Türkiýäniň başdan geçirilen ähli kynçylyklara garamazdan eksportuny 10 göterimden gowrak ýokarlandyrandygy nytan Zeýbekji: “Türkiýe ösüşiň ýarysyny eksportdan we amaýa goýumlardan, önümçilikden gazandy. 2017-nji ýylda Ykdysadyýet ministrliginiň beren höweslendiriji şahadatnamalarynda 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 81 göterime barabar artyş boldy” diýdi.



Degişli Habarlar