“Türkiýe üçin maýa goýýan her bir firma Türkiýe firmasydyr”

Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak Türkiýe üçin maýa goýýan her bir firmanyň Türkiýe firmasydygyny aýtdy

“Türkiýe üçin maýa goýýan her bir firma Türkiýe firmasydyr”

Albaýrak: “Türkiýe üçin nireden gelse gelsin, maýa goýýan her bir firma Türkiýe firmasydyr, biziň firmamyzdyr” diýdi.

Albaýrak “Eneržisa” firmasynyň paýlaryna bildirilýän ýokary islegiň Türkiýäniň ykdysadyýetine we energetika bazarlaryna bolan ynamyň görkezijisidigini nygtap: “Türkiýä maýa goýan hiç haçan zyýan çekmedi” diýdi.

Albaýrak Stambulda “Eneržisa” firmasynyň paýlarynyň halka satyş dabarasyna gatnaşdy.

Maliýe taýdan güýçli, durnukly we aç-açan bolan energiýa bazarynyň berk ykdysadyýetiniň esasy şertlerinden biridigini beýan eden ministr Albaýrak, soňky 10 ýylda ortaça ýyllyk 55 milliard dollara barabar energiýa importynyň edilendigine ünsi çekdi.

Milli energetika we magdan syýasatynyň esasy ugurlaryndan biriniň bolsa kadaly bazarlardygyny nygtan Albaýrak, hususy pudagyň maýa goýumlaryny gysga möhletde goýup bilýändigini, maýa goýumlarynyň öňündäki bökdençlikleriň aýrylandygyny aýtdy.

Türkiýäniň geçen ýylyň soňky çärýegindäki ösüş görkezijileri bilen dünýäde birinji orny eýeländigini we 2017-nji ýylyň üstünlikli geçendigini beýan etdi.

 

 



Degişli Habarlar