Adana-Yspyhan uçar saparlary başlady

Stambul-Yspyhan uçar saparlaryna Adana-Yspyhan gatnawlary hem goşuldy

Adana-Yspyhan uçar saparlary başlady

Eýranyň Yspyhan şäheri bilen Türkiýäniň Adana şäherleriniň arasynda hepdede 1 gezek uçar saparlary ýerine ýetiriler.

Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA-nyň berýän habaryna görä uçar saparlary her hepdäniň şenbe güni Türkiýäniň Tailwind howa ýollary tarapyndan 170 adamlyk  Boeing 734 bilen guralar.

Uçar şenbe güni 02:30-da Yspyhana baryp, 1 sagat soň Yspyhandan Adana tarap ýola çykar.


Etiketkalar: Stambul , gatnaw , sapar , uçar , Yspyhan , Adana

Degişli Habarlar