Katar bilen Hindistanyň arasynda täze deňiz ýoly liniýasy açyldy

Katar bilen Hindistanyň arasynda harydyň göniden daşalmagy üçin täze deňiz ýoly liniýasy açyldy

Katar bilen Hindistanyň arasynda täze deňiz ýoly liniýasy açyldy

Kataryň Aragatnaşyk we transport ministrliginiň beýanatyna görä, täze liniýa bilen Katardaky Hamad porty bilen Hindistandaky Mundra we Nhawa Shewa portlarynyň arasynda hepde-de bir gezek anna günleri deňiz saparlary guralar.

Deňiz saparlarynda ilkinji etapda 710 konteýnerlik haryt daşalar.

Türk gämileriniň Er Ruweýş portuna, Russiýanyň we Hytaýyň başda durmagynda tapawutly ýurtlaryň hem Hamad portuna barmaklary üçin liniýalaryň sanynyň artdyrylmagy hakyndaky işler dowam edýär.

Ady agzalýan liniýalar Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we Bahreýin tarapyndan goýlan howa, gury ýer we deňiz embargosyna garşy göreşiň çäginde açyldy.



Degişli Habarlar