Prezident Erdogan ABŞ-e sapar gurar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ABŞ gurajak saparynyň çäginde 25-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş eder, maýadarlar we işewür adamlar bilen duşuşyk geçirer

Prezident Erdogan ABŞ-e sapar gurar

Prezident Diwanyndan alynan maglumata görä Erdogan, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin 23-27-nji sentýabr aralygynda ABŞ-e sapar gurar.

Erdogan BMG-niň Baş Assambleýasynyň ilkinji güni bolan 25-nji sentýabrda çykyş eder.

Beýanata görä Erdogan Nýu-Ýorka gurajak saparynyň çäginde, BMG-niň Baş sekretary bilen birlikde köp sanda döwlet ýolbaşçylary we hökümet başlyklary bilen ikiçäk duşuyklar geçirer.

Saparyň dowamynda Erdogan mundan başgada, amerikaly maýadarlar we işewür adamlar bilen, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ABŞ0däki türk we musulman jemgyýetiň wekilleri bilen hem duşuşar.


Etiketkalar: sapar , ABŞ , Prezident , Erdogan

Degişli Habarlar