Türkiýede ertir saýlawlar geçiriler

Türkiýede ertir Prezident we Parlament saýlawlary geçiriler

Türkiýede ertir saýlawlar geçiriler

Saýlawlarda ýurdyň içindäki jemi 56 million 322 müň 632 saýlawçy 180 müň 65 saýlaw uçastogynda ses berer.

Daşary ýurtdaky saýlawçylar ertir sagat 17:00-a çenli gümrük gapylarynda ses berip bilerler.

Türkieýdäki saýlawçylar sagat 08:00-17:00 aralygynda ses berip bilerler.

Sagat 17:00-da saýlaw uçastoklarynda ses bermek üçin garaşýan saýlawçylar, saýlaw uçastogyň başlygy tarapyndan sanalanyndan soň, nobat bilen ses bererler.

Düşekde ýatan syrkawlar üçin göçme saýlaw gollanmasy hem bu saýlawda ilkinji gezek ýola goýular.  

Şol çäkde göçme saýlaw gollanmalarynda ses berip bilmekleri üçin syrkwalygy we näme sebäpli ýerinden galyp bilmeýändigini beýan eden saýlawçylaryň ýanlaryna saýlaw gapyrjagy alynyp gidiler.

Ady agzalan gollanmanyň çäginde 17 müň 258 saýlawçy 1303 saýlaw gapyrjagynda ses berer.

Prezident saýlawyna 6 dalaşgär gatnaşar.

Saýlaw güni ähli kanallar sagat 21:00-dan soň saýlaw barada ýaýlym berip bilerler, emma Ýokary saýlaw geňeşi tarapyndan gerek bolan halatynda sagat 21:00-dan ozal hem saýlaw bilen baglanşykly ýaýlymlar berip bilmek barada karar kabul edilip biliner.  



Degişli Habarlar