Erdogan: Afrin sebitinde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 4205-e ýetdi

Türkiýäniň Prezident R.T. Erdogan Siriýanyň Afrin sebitinde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 4205-e ýetendigini habar berdi

Erdogan: Afrin sebitinde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 4205-e ýetdi

Erdogan partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi.

Erdogan Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň üstünde durup geçdi.

Çykyşynda terrora garşy göreşi arakesmesiz we tutanýerlilik bilen dowam etdirýändiklerini aýdan Erdogan: “PKK-a serhediň hem öz içinde hem-de serhediň daşynda dem almaga bermeýäris. Zeýtun şahajygy operasiýasynyň başlan güni bolan 20-nji ýanwardan bäri ýurdyň öz içinde 209 terrorçyny, Yragyň demirgazygynda 341 terrorçyny jemi 550 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdik. Afrinde alynyp barylýan Zeýtun şahajygy operasiýasynda häzirki wagta çenli täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany bolsa 4205-e ýetdi” diýdi.

Beýleki tarapdan Fetullahçy terror guramasyna garşy göreşiň hem dowam edýändigini aýdan Erdogan: “FETÖ-niň ýurdyň hem öz içindäki hem-de daşary ýurtlardaky agzalaryny tussag edilmäge dowam edilýär, FETÖ-niň tussaghanadaky agzalary adalata jogap berýär, ýurdyň içindäki we daşary ýurtlardaky gaçan agzalary bolsa ýürekleri agzynda. Alada bilen durmuşlaryny ýaşamaga synanyşýarlar. Ählisiniň soňy daşary ýurtlardan getirilen 80-den gowrak agzasyndan tapawutly bolmaz” diýdi.

Erdogan ABŞ tarapyndan hemaýat edilýän FETÖ-niň ýolbaşçysynyň hem olardan tapawutly bolmajakdygyny belläp: “Öňi-soňy ony hem alarys. Bu ýurda we bu millete dönüklik eden her kim öňi-soňy özüne laýyk jezasyny alar” diýdi.


Etiketkalar: operasiýa , terrorçy , Erdogan

Degişli Habarlar