Türkiýäniň Premýer ministri gresiýaly kärdeşi bilen söhbetdeş boldy

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çiprasa Egeý deňizinde dartgynlygy gowşatmak üçin çäre görmelidigini belledi

Türkiýäniň Premýer ministri gresiýaly kärdeşi bilen söhbetdeş boldy

Binali Ýyldyrym grek kärdeşi Aleksis Çipras bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Binali Ýyldyrym Çiprasa: “Soňky wagtlardaky dartgynlykdan biynjalyk bolýarys. Gresiýa Egeý deňizinde dartgynlygyň gowşadylmagy üçin gerek bolan çäräni görmeli” diýdi.

Telefon söhbetdeşliginde bu babatda gerek bolan halatynda iki tarapyň ýokary derejeli harby resmileriniň duşuşmagynyň peýdaly boljakdygy barada ylalaşyk gazanyldy.

Oňyn ýagdaýda geçendegi bellenen telefon söhbetdeşliginde meseleleriň dialog arkaly çözülmeginiň we ynamy artdyrjak çäreleriň alynmagynyň üstünde durulyp geçildi.

Premýer ministri Binali Ýyldyrym resmi sapar bilen Belarussıva gitmeden ozal metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berip: “Çiprasa dartgynlykdan uzak durmagyň iki ýurdyň peýdasyna boljakdygyny açyk ýagdaýda özüne ýetirdik” diýdi.

Ýyldyrym: “Egeý deňizi dostluk deňizi bolmaly” diýdi.



Degişli Habarlar