Afrin operasiýasy giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin sebitinde dowam etdirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 1485-e ýetdi

Afrin operasiýasy giň gerimli dowam etdirilýär

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda Zeýtun şahajygy operasiýasynda şu gün gury ýerden we howadan guralan operasiýanyň netijesinde terror guramalary PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza ýene-de 46 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.

Beýanatda operasiýanyň başlan güni bolan 20-nji ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 1485-e ýetendigi mälim edildi.

Beýleki tarapdan Afriniň demirgazygyndaky Kude obasy hem aýralykçy terror guramasy PÝD/PKK-dan saplandy.

Terrorçylardan saplanan ýerlerde türk esgerleriniň işleri dowam edýär.

Gizlenip goýulan partlaýjy maddalar ýok edilýär.


Etiketkalar: terrorçy , KCK , DAIŞ , ÝPG , PKK , PÝD

Degişli Habarlar