"Afrindäki terrorçylar boýun egmän halatynda operasiýa gurap bileris"

Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Elazygda geçirlen 6-njy kongresine gatnaşdy

"Afrindäki terrorçylar boýun egmän halatynda operasiýa gurap bileris"

 

Prezident R. T. Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Elazygda geçirlen 6-njy kongresine gatnaşdy.

Prezdent Erdogan kongresde sözlän sözünde “Munbije we Idlibe guran operasymyz ýaly bir gün duýdansyz ýagdaýda Afrine hem operasiýa gurarys” diýdi.

Prezident Erdogan Siriýanyň Afrin şäherindäki terrorçylar boýun egmän halatynda operasiýa gurap biljekdiklerini belledi.

R. T. Erdogan terror guramasynyň Türkiýede hüjüm gurap bilmändigi sebäpli bu gezek ýurduň günorta serhetlerinde terror koridoryny açmak üçin işe girişendigini nygtady.

Erdogan “Idlib operasiýasy bilen bu koridoryň günbatar ganadyny täsirsiz ýagdaýa getirýäris. Afrindäki terrorçylar boýun egmän halatynda Afrine hem operasiýa gurarys” diýdi.

Prezident Erdogan ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG-ä ýarag kömegini bermegine ýene-de bir gezek garşylyk görkezdi.



Degişli Habarlar