Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Gresiýada saparda

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýäniň we Gresiýanyň şol bir geografiýada iki goňşy ýurt hökmünde şol bir kysmady paýlaşýandyklaryny belledi

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Gresiýada saparda

Binali Ýyldyrym Gresiýanyň paýtagty Afina guran saparynyň ilkinji duralgasynda ýurdyň Premýer ministri Aleksis Çipras bilen duşuşdy.

Binali Ýyldyrym Premýer ministrlik binasynda grek kärdeşi tarapyndan garşylandy. Iki lider ikiçäk duşuşykdan ozal çykyş etdiler.

Premýer ministr Ýyldyrym: “Biz goňşy, bizde bir söz bar: goňşy goňşynyň külünä mätäçdir. Şol bir geografiýada ýaşaýarys, bu bolsa şol bir kysamdy paýlaşýandygymyzy aňladýar. Elbetde käwagt meseleler ýüze çykyp biler, meseleleriň çözgüdini oturyp, gürleşip dialog arkaly tapyp bileris” diýdi.

Soňky ýyllarda Gresiýa kynçylyklary başyndan geçirýändigini, Türkiýäniň hem günorta sehedindäki Siriýada we Yrakda içerki söweşleriň dowam edýändigini ýatladan Binali Ýyldyrym: “Şol sebäpli kynçylyklar bar, şol kynçylyklary birek-birege goldaw berip çözüp biljekdigimize ynanýaryn. Bilelikde edip biljek işlerimiz, pursatlar meselelerimizden has köp. Şol sebäpli şolara gönügip, meselelere goňşulyk, adalat içinde, dialog arkaly çözüp bileris. Şonuň ugrunda bolmagymyz zerur” diýdi.

Gresiýanyň Premýer minsitri Aleksis Çipras Türkiýäniň we Gresiýanyň arasyndaky meseleleri konstrktiw häsýetde çözmegiň wajypdygyny belledi.



Degişli Habarlar