Tunjelide PKK-ly terrorçylar bilen bolan çaknyşykda bir esger şehit boldy

Çaknyşykda şeýle hem 2 esger ýaralandy

Tunjelide PKK-ly terrorçylar bilen bolan çaknyşykda bir esger şehit boldy

Tunjeli welaýatynda howpsyzlyk güýçleri bilen aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň arasynda ýüze çykan çaknyşykda 1 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy.

Howpsyzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä Nazymiýe etrabynda terrorçylykly hüjümleriň öňüniň alynmagy üçin operasiýa geçirýän howpsyzlyk güýçleri bilen terrorçylaryň arasynda çaknyşyk boldy.

Ýüze çykan çaknyşykda 1 esger ýogaldy, 2 esger ýaralandy.

Sebitde terrorçylara garşy howa güýçleriň goldaw bermeginde operasiýa dowam edýär.



Degişli Habarlar