Prezident Erdogan Portugaliýanyň “RTP” ýaýlymyna interwýu berdi

“Eger ýurdumyza kiçijik howp abanaýsa, biz hiç kime geňeşmerisem, soramarysam, degişli çäräni göreris”

Prezident Erdogan Portugaliýanyň “RTP” ýaýlymyna interwýu berdi

Erdogan interwýusynda ABŞ-nyň Siriýanyň Rakka şäherini DAIŞ-den halas etmek üçin başga bir terror guramasy ÝPG bilen hyzmatdaşlyk etmegine reaksiýa bildirdi

Amerikan esgerleriniň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG bilen bilelikde hereket edýandigini nygtan Erdogan, ABŞ-nyň şol terror guramasyna agyr ýaraglar hem berendigini aýtdy.

Erdogan geçen aý guran saparynda Prezident Donald Trampa beren duýduryşlaryna garamazdan ABŞ-nyň Rakka operasiýasynyň PÝD/PKK bilen geçirmekden el çekmändigini aýtdy.

Erdogan: “Eger ýurdumyza kiçijik howp abanaýsa, biz hiç kime geňeşmerisem, soramarysam, degişli çäräni göreris” diýdi.

Türkiýe-ÝB gatnaşyklary barada-da garaýyşlaryny beýan eden Erdogan, Türkiýäniň 54 ýyl geçendigine garamazdan entegem ÝB bosagada garaşdyrýandygyny, agzalyga kabul edilmändigini aýtdy.

Prezident Erdogan Siriýa meselesiniň çözülmegi üçin Türkiýe-Russiýa-Eýran üç taraplaýyn mehanizminiň işini dowam etdirýändigini we ABŞ bilen Saud Arabystanynyň hem oňa degişli bolmagyny isleýändiklerini aýtdy.

Erdogan Siriýa we Yrak meselesiniň çözülmegi taýdan Eýranyň has güýçli pozisiýa eýedigini nygtap, Eýranyň iki ýurda dolanşyk we messep taýdan ýakyndyğyny beýan etdi.

Erdogan, emma Eýranyň sebitde alyp barýan parsçylyk syýasatyny nädogry hasaplaýandygyny aýtdy.

Erdogan terror guramalarynyň yslam bilen bilelikde agzalmagyndan biynjalykdygyny nygtap; “Biz musulman hökmünde terroryň ähli görnüşine garşy. Terroryň her bir görnüşine garşy durýan musulmanyň terrorçylar bilen bilelikde hereket edýän ýaly görkezilmegini kabul etmegimiz mümkin däl. Mysal üçin soňky döwürde Ýewropada ýa-da tapawutly ýurtlarda yslamy terror adalgasy ulanylýar, ony hiç bir şertde kabul etmeýäris. Hiç kimiň şeýle adalgany ulanmaga haky ýok. çünki yslam söz, many taýdan parahatçylyk dini. Biz Hristiýan terror diýýäsmi? Diýemizok. Ýeke hudaýly dinleriň hiç haýsyna şeýle zady gelişdirmedik” diýdi.

Katar bilen käbir arap ýurtlarynyň arasyndaky dartgynlyk barada-da durup geçen Erdogan; “Katara goýulan sanksiýa ýerkliksiz. Musulman musulmana, onda-da oraz aýynda şeýle sanksiýa goýmaly däl. Biz baýrama çenli meseläniň gepleşikler arkaly çözülmegini isleýäris. Şonuň üçin tagalla edýäris. Men Saud Arabystanyň bu meselede beýiklik etmegini tama edýarin” diýdi.

Prezident Erdogan Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň günbatar ýurtlarynyň Türkiýedäki kanuny tapgyry tankyt edendigine ünsi çekip, Türkiýä sarpa goýulmandygyny gürrüň berdi.



Degişli Habarlar