Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “YHG-nyň taryhy karary: İýerusalim Palestinanyň Paýtagty” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň İýerusalimi Ysraýylyň paýdagty hökmünde ykrar etmek baradaky kararyna garşylyk görkezen musulman ýurtlaryň liderleriniň düýn Stambulda Prezident R.T.Erdoganyň çagyryşyna laýyklykda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdan daşary maslahatynyň geçirilendigini ýazýar. Habarda maslahata 16 sanysy lider derejesinde 48 ýurduň wekilleriniň gatnaşandygy, maslahatyň jemleýji jarnamasynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gündogar İýerusalimi Palestinanyň paýtagty hökmünde ykrar edendigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Hürriýet” gazeti “Anakradan Trampyň geňeşçisine berk reaksiýa: “geň galdyryjy we esassyz” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Milli Howpsyzlyk boýunça geňeşçisi MkMasteriň: “Türkiýäniň we Kataryň radikal ideologiýalaryň hemaýatkärdigi” baradaky ýerliksiz beýannamasyna Daşary işler ministrliginiň reaksiýa bildirendigini, ministrlikden berilen beýannamada “aýdylýanlar geň galdyryjy, esassyz we kabul edilmesiz” diýilýändigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Aselsan we TAİ ýarag satuwynda uly öňegidişlik etdi” söz başyly habarynda, “Dünýäde ýarag satuwlarynyň 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýokarlandygyny, Halkara Stokgolm Parahatçylyk İnstitutynyň habarnamasyna görä dünýäniň esasy 100 sany goranyş firmasy 2016-njy ýylda 374,8 milliard dollarlyk ýarag, harby enjam we hyzmat satdy. İnstitutyň beýan etmegine görä türk firmalarynyň satuwynda-da 27,6 göterime barabar ösüş edildi. Habarnamada 100 firmanyň hatarynda 2 sany türk firmasynyň hem bardygy mälim edilýär” diýilýär.

“Sabah” gazeti “Daşary ýurtlylar saglygy Türkiýede tapdy” söz başyly habarynda, soňky ýyllarda saglyk syýahatçylygynda uly öňegidişlik eden Türkiýäniň ýylyň 11 aýynda uly rekord goýandygyny mälim edýär. Gazet Türkiýe Saglyk syýahatçylygy geňeşiniň görkezijilerine görä ýanwar-noýabr aýlarynyň aralygynda Türkiýä 751 müň saglyk syýahatçysynyň gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Baýraktar 35 müň sagatdan bäri nobatda” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň terrorçylygar garşy edýän göreşiniň esasy ulaglaryndan biri bolan “Baýraktar TB2” uçarmansyz howa ulagynyň 35 müňe ýeten uçuş möhletini üstünlikli tamamlandygyna ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar