Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giňişleýin orun berýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Sabah” gazeti “Şol karary ykrar etmeýäris, etmeris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Adam hukuklarynyň Bütindünýä güni mynasybetli geçirilen çarede sözlän sözünde: “ABŞ kabul eden karary bilen İýerusalimde dökülýän gana hem şärik boldy. Biz şol karary asla ykrar etmeýäris we etmeris. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň beýanaty bizi gyzyklandyrmaýar. İýerusalimem gyzyklandyrmaýar. Yslam dünýäsinem gyzyklandyrmaýar. Sen çalarsyn, sen oýnarsyn” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Türkiýe ösüşde ÝB-ne, G-20-ä we OECD-ä girýän ýurtlardan öňe geçdi” söz başyly habarynda, türk ykdysadyýetiniň ýylyň üçünji çärýeginde 11,1 göterim ösüş edip, köp sanly ýurtdan öňe geçendigini, ÝB-ne agza ýurtlardan 4 esse ýokary ösüş eden Türkiýäniň G-20-ä girýän ýurtlaryň arasynda-da ösüş bilen ünsleri özüne çekendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Dünýäniň iň berk poladyny türk firmasy bor magdanyndan öndürdi” söz başyly habarynda, Balykesir welaýatynyň Edremit etrabyndaky Barlag we kämilleşdiriş firmalaryndan biriniň bory saplaşdyrmak boýunça alyp baran işi bilen Amerikada ylmy baýraga laýyk görülendigini, “Bor karbür” atly bor önüminden iň berk polady öndürmegiň hötdesinden gelendigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ministriň tizligi ýokarlandyrylan otly baradaky buşlugy” söz başyly habarynda, Tranport, denizjilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslanyň Şanlyurfa welaýatyna tizligi ýokarlandyrylan otly ýolunyň çekiljekdigini buşlap, “Gaziantep-Şanlyurfa taslamasyna ýanwar aýynda başlarys. Şanlyurfa-Mardin aralygyndaky demir ýol taslamasynyň taýarlyklary dowam edýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Şwesiýada ýylyň gahrymany bir türk zenany” söz başyly habarynda, Şwesiýanyň “Aftonbladet” gazeti tarapyndan guralan we halkyň sesleri bilen kesgitlenen bäsleşikde iň köp ses alan “Ýol görkeziji” kategoriýasynda “ýylyň gahrymany” baýragyna 7 çagaly 63 ýaşly Fatma İpek Alyjynyň laýyk görülendigini mälim edýär.



Degişli Habarlar