Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Star” gazeti “Erdogan; NATO agzalygyňyzy biz üpjün etdik” söz başyly habarynda, Gresiýa saparynyň çägginde Afynyda grek kardeşi Prokopis Pawlopulo bilen duşuşan Prezident R.T.Erdoganyň: “Siz NATO-dan aýryldynyz, NATO ýaňadandan agzalygyňyzy biz üpjün etdik. Biz garşy duran bolsadyk NATO agza bolup bilmezdiniz. Emma biz beýle çemeleşmedik, goňşy hökmünde çemeleşdik. Şu günki günde-de şeýle çemeleşýäris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Premýer ministrm: Ýarylmaga taýar bomba ýaly bolar” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Günorta Koreýa saparyndan soň uçarda žurnalistlere beren beýannamasynda: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň İýerusalim baradaky skandal kararyna “İýerusalimiň hukuk derejesini üýtgetmek ýarylmaga taýar bomba meňzeýär” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Premýer ministr Ýyldyrym: 2018-nji ýylyň iş meýilnamasy taýar” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Türk senagatçylary we Işewür adamlary jemgyýetiniň Ýokary geňeşiniň mejlisinde sözlän sözünde: “2018-nji ýylda ýeňil däl, emma ýurdumyzyň gazananlarynyň saýasynda, ynam saýasynda 2018-nji ýylda-da enşalla ösüş dowam eder. 2018-nji ýyl üçin iş neýilnamamyzy taýarlaýarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “THÝ Braziliýanyň Azul firmasy bilen ylalaşdy” söz başyly habarynda, Braziliýanyň esasy awia kampaniýasy Azul bilen Türk Howaýollarynyň arasydna kod alyşygynyň ýola goýuljakdygyny, şeýlelikde THÝ-niň Azulyň içerki gatnawlarynyň kodlaryna goşuljakdygyny we ýolagçylaryň THÝ arkaly peteklerini gönüden alyp biljekdigini mälim edýar.

“Haber Türk” gazeti “THÝ wagtyny kegitledi” söz başyly habarynda, Türk Howaýollarynyň Dolandyryjylar we Ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy İlker Aýjynyň THÝ kargonyň flotuna goşulan Boeing-777 ýük uçarynyň kabul ediş dabarasyndan soň beren beýannamasynda üçünji howa menzili barada: “Operasiýa dowam edýär. Elbetde iş ýeňil däl. Gurluşyk ýokary depginde alynyp barylýar. Täze howa menzilimiz 2018-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda ulanylmaga beriler” diýen sözlerini çap edýär.



Degişli Habarlar