Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Britaniýada internetiň tizligi has pes” söz başyly habarynda, Türkiýäniň esasy tehnologik firmalaryndan biri bolan “NETAŞ-yň” 50-nji ýylyna bagyşlanan çärä gatnaşan Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň: “Maglumatlar we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň durmuşymyzda eýeleýän orny barha artar. Golaýda sürüjisiz ulaglar döwri başlar. Tehnologiýa boýunça Türkiýe 2003-nji ýyldan bäri ösüş etdi. 2002-nji ýylda iş başyna gelenimizde giň bandyň nämedigini bilýän ýokdy. 2-nji ozal Britaniýadadym. Ol ýerde internetiň tizligi has pes. İndi giň bantly internet ulgamymyz bar. 10 ýylyň dowamynda 5G tehnologiýasyna eýe bolaryş” diýdi.

“Sabah” gazeti “Türkiýe Demirgazyk Koreýany ýazgardy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ballistiki raketa synagyny geçirendigi sebäpli Demirgazyk Koreýany ýazgarandygyny ýazýar. Gazet Daşary işler ministrliginiň Demirgazyk Koreýada geçirilen ballistiki raketa synagy barada berilen beýannamada: “Koreýa Demokratik Halk Respublikasynyň 2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň kararlaryny ýene-de bir gezek bozup, guran ballistiki raketa synagyny ýazgarýarys. Demirgazyk Koreýany sebitleýin we halkara howpsyzlygyna wehim salýan synaglary bes etmäge we BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň kararlarynyda beýan edilýän borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrýarys” diýilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Türk Akymyň denizden geçýän böleginiň 30 göterimi tamamlandy” söz başyly habarynda, rus tebigy gazyny Türkiýä we Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrmagy meýilleşdirilýän Türk Akym” tebigy gaz turba geçirijisiniň deňizden geçýän böleginiň gurluşygynyň 30 göteriminiň tamamlanandygyny, “TürkStrim” firmasyndan berilen beýannamada turba geçirijisinin Gara deňiziň düýbünden çekilýän iki sany deňiz geçiş ugrunyň jemi uzynlygynyň 555 kilometre ýetendigi, iki ugurdan emele gelýän we her biri 15,75 milliard m3 tebigy gaz akdyrjak taslamanyň deňizden geçýän böleginiň Russiýanyň açyk paýdarlar jemgyýeti Gazpromyň “South Stream Transport B.W.” firmasy tarapyndan alynyp barylýandygy mälim edilýär.

“Star” gazeti “Organiki ekerançylyk önümçiliginde dünýä boýunça 10-njy orny eýeleýäris” söz başyly habarynda, oba hojalyğyna soňky ýyllarda berilýän goldawyň netijesinde “organiki” önümçiligiň günsaýyn artýandygyny, pudagyň 10 ýylda 5 esse ösendigi, Türkiýäniň 70 müň organiki ekerançysy bilen dünýä boýunça 10-njy orny eýeleýändigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Anadoly tohumyna 30 ýurt isleg bildirýär” söz başyly habarynda, şu ýyl 17-njisi guralan “Growteh Ýewraziýa Halkara Parnik Enjamlary we Tehnologiýa Sergisine” 30 ýurtdan 85 müň adamyň gelip görmegine garaşylýandygyny ýazýar. Gazet Antalýa Expo Merkezinde açylan sergä 4 kontinentiň 30 ýurdundan 800 firmanyň gatnaşýandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar