Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Erdogan 7-8-dekabr aralygynda Afinada saparda bolar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň resmi çakylyga laýyklykda 7-nji dekabrda 2 günlik Gresiýa sapar gurajakdygyny habar berýär. Gazet Türkiýeden Gresiýa Prezident derejesinde 65 ýyl ozal ýurdyň 3-nji Prezidenti Jelal Baýar tarapyndan guralandygyny belleýär. Habarda Erdoganyň sapary bilen baglanşykly ilkinji ädimiň Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň iýun aýynda Afina guran sapary bilen edilendigi beýan edildi. Gazet Binali Ýyldyrymy kabul eden Gresiýanyň Prezidenti Prokopis Pawlopulosyň Erdoganyň saparyna hoşal boljakdygyny aýdandygyny nygtaýar.

Habertürk gazedi: “Ýokary derejeli garşylama” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Londonda iňlis kärdeşi Tereza Meý bilen duşuşyk geçirendigini mälim edýär. Gazet geçirilen duşuşykda Brexitden soň iki ýurdyň arasynda hyzmatdaşlyk, goranyş we syýasat ýaly ugurlaryň orta atylandygyna ünsi çekýär. Habarda Binali Ýyldyrymyň iňlis maýadarlar bilen geçiren duşuşygynda: “Ýylyň ahyrynda ösüşimiz 6-7 göterim bolar. Bu geografiýada jemi içerki önüm 30 trillion dollar” diýendigi aýan edilýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Janikli: TF-X söweş harby uçary 2023-nji ýylda ulanmaga beriler” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Nurettin Janikli “TF-X” söweş uçarynyň 2023-nji ýylda uçurylmagynyň nazarda tutulýandygyny adandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen Britaniýa baran Janikli Londonda žurnalistleriň soraglaryna jogap berendigini belleýär. Habarda Milli söweş uçary “TF-X-iň” Türkiýe üçin iňňän möhüm taslamalardan biridigini beýan eden Janikliniň: “İň gysga möhletde ähli işleri tamamlamak isleýäris. Hiç hili bökdençlik bolmaz. Anyk wagtyny aýtmaýyn, ýöne 2023-nji ýylda uçurmagy maksat edinýäris” diýendigi nygtaýar. Gazet taslamanyň Türkiýäniň islegine laýyklykda düzülendigini aýdan Janikliniň, köp sanly ýurtdan tehnologik taýdan goldaw alynandygyny, Britaniýanyň hem şol çäkde taslama degişli bolandygyny nygtandygyny aýan edýär.

Watan gazedi: “Ýene-de bir ýurt ASELSAN-y saýlady” söz başyly habarynda, ASELSAN tarapyndan öndürilýän stabilizirlenen ýarag ulgamynyň Türkiýe üçin täze eksport gapysyny açandygyny habar berýär. Gazet Günorta Koreýaly gämi gurluşyk kärhanasy Hyundai Heavy Industriesiň 2016-njy ýylda Filippinleriň floty bilen 2600 tonnalyk Incheon kysymly fregatyň önümçiligi üçin şertnama baglaşandygyny nygtaýar. Habarda platformanyň öň tarapyndaky ýaraglara goşmaça ASELSAN tarapyndan öndürilen ýarag ulgamynyň hem gäminiň gapdalyna ornaşdyryljakdygy beýan edilýär.  

Hürriýet gazediniň: “Antalýada ispan ýeli” söz başyly habarynda bolsa, meşhur ispan pianist Luz Kasalyň 18-nji Halkara Antalýa Pianino festiwalynyň çäginde konsert berendigini mälim edýär. Gazet Kasalyň muşdaklaryny diňe pianinosy bilen däl, eýsem türk dilinde beren jogaplary bilen haýran galdyrandygyna ünsi çekýär.



Degişli Habarlar