Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Sabah” gazeti “Prezident Erdogan möhüm gepleşikler geçirdi” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani we Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini habar berýär.

Prezident Erdogan Al Sani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar, Russiýanyň Soçi şäherinde geçirlen üç taraplaýyn maslahat bilen birlikde Siriýa meselesi hakynda pikir alyşdy.

Prezident R. T. Erdogan Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisow bilen bolsa Bolgariýanyň ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygy we Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynyň depgininiň güýçlendirilmegi hakynda pikir alyşdy.

İki lideriň Balatdaky Demir buthananyň 2018-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda ýaňadandan hyzmada açylmagy mynasibetli geçiriljek dabara gatnaşmak babatynda ylalaşyk gazanandygy nygtaldy.

“Haber Türk” gazeti “Londonda türk maýasy bilen gurlan ilkinji bank dabaraly ýagdaýda açyldy” söz başyly habarynda Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meýiň myhmany hökmünde Britaniýa giden Premýer ministr Binaly Ýyldyrym,  Londonda türk maýasy bilen gurlan ilkinji “Dome Grup” maýa goýum bankynyň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny aýan edýär.

Ýyldyrym maýa goýum bankynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda “dome” sözüniň türk dilinde “gümmez” manysyny aňladýandygyny aýtdy.

Premýer ministr Ýyldyrym” Şol maýa goýum banky arkaly amala aşyryljak işler ykdysadyýetiň başda durmagynda wagtyň geçmegi bilen Doguş Holding, FİBA Holding ýaly beýleki hyzmatdaşlarynyň uly girdeji gazanmagyna sebäp bolar. Hem özleri hem-de ykdysadyýetimiz girdeji gazanar. Maýa goýum banky beýleki maýadarlara görelde bolar” diýdi.

“Star” gazeti “Mehmetçik Gabar dagyny PKK-a dar edýär” söz başyly habarynda Şyrnak welaýatynda howpsyzlyk güýçleriniň aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin guraýan operasiýalaryny dowam etdirýändigini ýazýar.

Howpsyzlyk güýçleri Gabar dagynda operasiýa gurandygyny we 11 gün dowam eden operasiýalarda PKK-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen birlikde köp sanly terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe Müsür üçin ýasda” söz başyly habarynda Türkiýede Müsürde guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli 1 gün milli ýasyň yglan edilendigini ýazýar.

Anna güni Al Rawda metjide guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli yglan edilen 1 günlük ýasyň dowamynda ýurtda we daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda 27-nji noýabr güni baýdaklar ýarysyna çenli aşakladylar.

Müsüriň Sina ýarym adasynda guralan hüjümde 305 adam ýogalypdy, 128 adam hem ýaralanypdy. Terrorçylar Sinanyň Ariş şäherindäki Rawda metjidinde Juma namazy okalýarka uly gyrgynçylyk edipdi. Gyrgynçylykdan soň Müsürde 3 günlük milli ýas yglan edilipdi.



Degişli Habarlar