Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Afrine İdlib modeli” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilen üçtaraplaýyn maslahatdan gaýdyşyn maslahat barada giňişleýin maglumat berendigini ýazýar. Gazet Erdoganyň: “Russiýa Federasiýasy, Eýran we Türkiýe tarapyndan başladylan Astana tapgyrynyň netijesini seljermek üçin Soçide ýokary derejeli maslahat geçirdik. Çaknyşyksyz zolaklar döredildi, döredilmäge dowam ediler. İdlibde alan jogapkärçiligimizi ýerine ýetirýäris. Ol ýerde öz üstümize alan 12 sany gözegçilik we derňew nokadynyň üç sanysyny tamamladyk. Siriýanyň territorial bitewiligi  we syýasy jebisligi barada ylalaşdyk. Esasy maksadymyz Siriýanyň halky tarapyndan kabul ediljek syýasy çözgüdiň tapylmağy. Siriýanyň Milli dialog maslahaty barada giňişleýin pikir alyşdyk. Maslahata kimleriň çagyryljakdygyna 3 ýurt bilelikde karar berer. Maslahata Siriýadaky ähli toparlaryň, ähli gatlaklaryň çagyrylmagyny nazarda tutýarys. PÝD-ÝPG ýaly terror guramalary baradaky pozisiýamyz belli” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk ýaragly güýçleri ýerli-milli ulgamlar bilen güýçlenýär” söz başyly habarynda, terrorçylyga garşy göreşini dowam etdirýän Türk ýaragly güýçleriniň ýerli goranyş ulgamlary bilen hasam güýçlenýändigini, Milli söweş uçary taslamasy bilen Howa güýçleri serkerdeliginiň 2030-njy ýyllardan soňky söweş uçary isleginiň kanagatlandyryljakdygyny, özüne mahsus dizaýny bilen öňe saýlanjak taslamanyň çäginde ilkinji synag uçuşlarynyn 2023-nji ýylda amala aşyryljakdygy mälim edilýär.

“Hürriýet” gazeti “Uly festiwal” söz başyly habarynda, tehnologiýa we awtoulag pudaklarynyň eriş-argaç bolmagy netijesinde global derejede “Awtoulag sergileri bes edilýärmi” diýlen soraglaryň köpelýän döwründe pudagyň dünýä belli 3 firmasynyň dünýä derejesinde beýan tapjak hyzmatdaşlyk edendigine ünsleri çekýär. Gazet Frankfurt awtoulag sergisini guraýan 777 ýyllyk geçmişi bilen dünýäniň iň gadymy resmi sergi guramaçysy Messe Frankfurt bilen iňlisleriň legendar festiwal firmasy Gudwudyň, Türkiýäniň esasy köpçülikleýin ulag üpjünçilik firmasy İntersitiniň bilelikdäki taslama üçin ylalaşandyklaryny, ylalaşyga laýyklykda 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Stambulda “Festiwal of Motoring” atly çäräniň geçiriljekdigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Bugdaý” filmine ajaýyp gala” söz başyly habarynda, Semih Kaptanoglunyň režisýorlygynda surata alynan “Bugdaý” filminin galasynyň Prezidentiň kompleksinde guralandygyny, gala Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen bilelikde gatnaşan Prezident R.T.Erdoganyň sözlän sözünde: “Daşky gurşawa zyýan ýetirýän her bir tehnologiýa adama çenelen ýaragdyr” diýendigini mälim edýär.



Degişli Habarlar