Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “ÝPG-den başga ähli meseleler babatynda ylalaşyldy”, Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň liderleriniň Siriýa temaly maslahat üçin Soçi şäherinde jemlenişendiklerini mälim  edýär. Gazet Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň terror guramasy ÝPG babatynda: “Türkiýe Siriýany bölmäge synanşýan guramanyň syýasy çözgüde goşant goşmagy nazarda tutulýan platformarda orun eýelemez. Siriýanyň territorial bitewiligi, garaşsyzlygy diýýän bolsak, ganhor topary legal tarap hökmünde ykrar edip bilmeris” diýendigini belleýär.  

Ýeni Şafak gazedi: “Pitne döwründen geçýäris” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň Stambul Kongres merkezinde Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň hemişelik komitediniň nobatdaky 33-nji maslahatynda çykyş edendigini habar berýär. Gazet Yslam dünýäsiniň soňky ýyllarda örän pajygaly bir etaby başyndan geçirýändiklerini, pitne döwründen geçilýändigini aýdan Erdoganyň: “Günbatar özüniň taryhynda näçe erbet element bar bolsa ählisini Yslam dünýäsine geçirip, geljegini kepillik astyna almaga synanyşýar. Yslam dünýäsiniň birligini, jebisligini, baýlyklaryny, ähli zatdan möhüm bolany geljeginiň ýok edilmegi üçin hapa bir ssenariýa durmuşa geçirilýär” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Watan gazedi: “PTT-den ýerli dron poçtasy” söz başyly habarynda, PTT-niň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Kenan Bozgeýigiň dron arkaly ýük daşalmagyna geçmek üçin inženerler we uniwersitetler bilen işleşýändiklerini belläp, sözlerini şeýle dowam etdirdi: “2018-nji ýylda dron ýük daşamagyna başlarys. Biz bu tehnologiýany bilýäris” diýendigini beýan edýär.

Sabah gazedi: “S-400-leriň haçan alynjakdygy mälim boldy” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Nurettin Janikliniň Mejlisiň Maksatnama we býujet toparynda beýannama berendigini malim edýär. Gazet Russiýa bilen S-400 howa goranyş ulgamlarynyň alynmagy üçin ylalaşyga gol çekişilendigini ýatladan ministr Janikliniň: “Bir sanysy ätiýaç jemi iki sany S-400 ulgamy ylalaşygyň çäginde alynar” diýendigini nygtaýar. Habarda Janikliniň S-400 ulgamynyň ilkinjisiniň 2019-njy ýylda gowşurylmagynyň meýilleşdirilýändigini adandygy ýazylýar.

Star gazedi: “Burhan Akbudak dünýä çempiony” söz başyly habarynda, Polşada geçirilen U23 Bütindünýä Göreş çempionatynda göreşiň greko-rim ugry boýunça bäsleşen Burhan Akbudakyň ýaryşyň final tutluşygynda gruziýaly garşydaşy Lasha Gobadzeni 2-1 hasabynda ýeňip çempion bolandygyny habar berýär.


Etiketkalar: Nurettin Janikli , Erdogan , S-400 , Star , Watan , gazet

Degişli Habarlar