Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Biz NATO-nyň abraýly agzalaryndan biri” söz başyly habarynda, Ministrler kabinetiniň mejlisiniň düýn Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Beştepede geçirilendigini ýazýar. Gazet 2 sagada golaý dowam eden mejlisden soň Wise-premýer Bekir Bozdagyň beren beýannamasynda NATO-nyň Norwegiýadaky türgenleşiginde başdan geçirilen skaldal barada: “Bu waka diňe bir şahslar bilen düşündiriljege meňzemeýär. Bu işiň üstüniň ýapylmaly däldigini çürt-kesik beýan edýäris. Bu waka Türkiýä zyýan ýetirmek üçin bäbir adamlaryň NATO-dan we beýleki platformalardan peýladalmak isleýändigini görkezýär. Türkiýe NATO-nyň abraýly agzalaryndan biri. Mundan soň hem abraýly agza hökmünde goşant goşmaga dowam eder” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “İsmail Kahraman Mejlisiň başlyklygyna ýaňadandan saýlandy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Mejlisiniň 26-njy çagyrlyşynyň ikinji tapgyrynda işlejek başlygynyň saýlanandygyny mälim edýar. Habarda Mejlisiň Baş Assambleýasynda geçirilen saýlawyň 3-nji tapgyrynda İsmail Kahramanyň ýaňadandan Mejlisiň başlyklygyna saýlanandygy, Prezident Erdoganyň Kahramany gutlandygy nygtalýar.

“Star” gazeti “Saros aýlagynda iki sany ýüzüji LNG tankeri ulanmaga beriler” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň “Hataý welaýatynyň Dörtýol we Saros aýlagynda ýene-de iki sany LNG ammarlaýyş we gaza öwüriji desgasynyň ulanmaga beriljekdigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ministr Albaýragyň Türkiýäniň Mejlisinde sözlän sözünde nebit we tebigy gaz importyna bolan garaşlylygyň azaldylmalydygyny, şonuň üçin serişdäniň we geçirijileriň köpugurlylygynyň möhümdigini nygtandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Sykylyk dili UNESKO tarap barýar” söz başyly habarynda, türkleriň esasy miraslaryndan biri bolan we ýitip barýan käbir däp-dessurlaryň goralyp saklanmagy üçin Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň işe girişendigini, ministrliginiň 4 sany türk medeni mirasyny gorag astyna almak üçin ýüz tutandygyny mälim edýär. Habarda ministrligiň “Sykylyk diliniň”, “Dädem Gorkut dessanynyň”, “Milli türk okçulygynyň” we “Bahar şüweleňi Hydrelleziň” gorag astyna alynmagy üçin UNESKO ýüz tutandygy halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Hürriýet” gazeti “Türk “Döner Kebap we Pide zaly birinjilik gazandyrdy” söz başyly habarynda, bursaly tort ussasy Metin Taşçynyň Britaniýanyň Birmingam şäherinde geçirilen dünýäniň esasy keks we tort sergisindäki bäsleşikde 2,5 aýda taýarlan “Döner kebap pide zaly” torty bilen birinji orny eýeländigine ünsleri çekýär.

 

 



Degişli Habarlar