Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Garaşylmadyk maslahat” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň Türkiýe, Russiýa we Eýran tarapyndan üçtaraplaýyn häsýetde geçiriljek Siriýa temaly maslahata gatnaşmak üçin 22-nji noýabrda çerşenbe güni Russiýanyň Soçi şäherine gitjekdigini mälim edýär. Gazet Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň gatnaşmagynda 22-nji noýabrda çarşenbe güni geçiriljek Siriýa temaly maslahatda taraplaryň Siriýadaky we sebitdäki soňky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny belleýär. Maslahata Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýeni Şafak gazedi: “Indi bolsa başga bir film düzýärler” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Ankara söwda palatasynyň Kongresium zalynda VIII Gara ýollaryň howpsyzlygy simpoziumynyň we sergisiniň açylyşynda çykyş edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet çykyşynda Türkiýä garşy yzygiderli häsýetde oýun oýnalmaga synanyşylýandygyny aýdan Ýyldyrymyň: “2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň eli bilen ýerine ýetirmäge synanyşan şowsyz agdarlyşyk synanyşygyny edip bilmeýänler, Türkiýäni dyza çökdürdip bilmeýänler, bu millete boýun egdirip bilmeýänler şu günki günlerde bolsa başga filmler düzýärler. 15-nji iýuldaky edip bilmedigimizi nädip tamamlap bileris diýip pursada garaşýarlar” diýendigini nygtaýar. Habarda Binali Ýyldyrymyň käbir güýçleriň ykdysadyýet bilen, basyşlar bilen, krizisler bilen, haos ssenariýalary bilen bu milleti dyza çökdürip biljekdiklerini pikir edýändiklerini nygtap, bu güýçleriň boşuna höweslenýändiklerini belländigi ýazylýar.

Haber Türk gazedi: “Çawuşogly: ÝPG Rakkada sebiti basyp almak üçin ol ýerde” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň TBMM-de eden çykyşynda terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy ÝPG/PÝD-niň Rakkadaky barlygynyň DAIŞ-e garşy söweşmek däldigini, sebiti basyp almakdygyny we bir terror bazasyny gurmak üçin tagalla edýändigini aýdandygyny habar berýär. Habarda Çawuşoglynyň: “Bu sebitdede DAIŞ bilen ýakyn gatnaşyk saklaýarlar. Bu hem ýüze çykdy” diýendigi beýan edilýär.

Star gazedi: “Gündogar Ortaýer deňizi-2017 harby türgenleşigi tamamlandy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýolbaşçylygynda geçirilen Gündogar Ortaýer deňizi-2017 harby türgenleşiginiň tamamlanandygyny mälim edýär. Gazet ägirt uly türgenleşigiň NATO güýçleriniň, ABŞ-niň, Britaniýanyň, Rumyniýanyň flotlarynyň, Türkiýäniň harby flotynyň we Türkiýäniň howa we kenarýaka howpsyzlyk serkerdelikleriniň gatnaşmagynda Gündogar Ortaýer deňizinde geçirilendigini belleýär.  Şu ýyl 20-nji gezek geçirilen ägirt uly harby türgenleşiginde deňiz operasiýasy bilen baglanşykly tälimler gözden geçirildi.

Watan gazediniň: “Antalýada tapyldy! Dünýäde seýrek gabat gelinýän bir görnüş” söz başyly habarynda bolsa, Antalýanyň Serik etrabynyň Belek syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň birinde dünýäde seýrek gabat gelinýän Sphingidae atly kebelegiň tapylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Myhmanhananyň howlusynda tapylan kebelek harby bukyjy lybasy, reňkli we uzyn inçe ganatlary bilen ünsleri özüne çekýär. Kebelegiň bu görnüşi ganatlaryny örän çalt kakmak we howada köp wagtlap duryp bilýän bir görnüş hökmünde bilinýär. Gije hem uçyp bilýän kebelegiň bu görnüşi agaçlaryň ýapraklary bilen iýmitlenýär.


Etiketkalar: Soçi , Russiýa , Eýran , FETÖ , gazet , Haber Türk

Degişli Habarlar