“Grek tarapynyň çemeleşmesi üýtgemedi”

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy grek tarapynyň çemeleşmesinde haýsydyr bir üýtgeşikligiň ýokdugyny aýtdy

“Grek tarapynyň çemeleşmesi üýtgemedi”

Prezident Akynjy bilen Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis BMG-niň baş Sekretarynyň Kipr boýunça şahsy wekili Elizabet Spaýryň ara zolakdaky resmi kabulhanasynda berilen resmi agşam naharyna gatnaşdylar.

İki jemgyýetli parahatçylyk insiatiwasyna agza topar bolsa ellerinde “Kiprde çözgüdi goldaýarys” ýazylan şygarlary göterip, liderlere goldaw berdi.

Akynjy 3,5 sagada golaý dowam eden duşuşykdan soň Prezidentiň köşkünde beren beýannamasynda iýul aýynda Şweýsariýanyň Krans Montana şäherçesinde netijesiz tamamlanan gepleşikden soň grek lider Anastasiadis bilen ilkinji duşuşygyny geçirendigini nygtap, duşuşykda şertleri seljerendiklerini aýtdy.

“Krans Montanadaky Kipr maslahatynda taryhy pursat sypdyryldy” diýen Akynjy, ýetilen sepgitde haýsydyr bir zatdyň indi ozalkysy ýaly bolmajakdygyny beýan etdi.

Prezident Akynjy Kipr gepleşiklerinde inji soňky näbelli tapgyryň bolmajakdygyna ünsi çekip; “Mundan soňky tapgyr diňe wagty kesgitli meýilnama laýyklykda strategik çemeleşmäge laýyklykda seljerilip bilner. Onuň bolup bolmajakdygyny öňümizdäki tapgyr görkezer. Grek tarapynyň çemeleşmesinde haýsydyr bir üýtgeşiklik görmedik” diýdi.

 


Etiketkalar: Kipr , Mustafa Akynjy , DKTR

Degişli Habarlar