Baku bilen Wena şäherleriniň arasynda ýolagçy otlusy gatnar

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäheri bilen Awstriýanyň paýtagty Wena şäheriniň arasynda ýolagçy gatnatjak ýolagçy otlusy ilkinji gatnawyny şu ýylyň maý aýynda amala aşyrar

Baku bilen Wena şäherleriniň arasynda ýolagçy otlusy gatnar

Tbilisi.media saýtynyň berýän habaryna görä ýolagçy otlusy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäheri, Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäheri, Türkiýäniň Stambul şäheri, Gresiýanyň Aleksandrupolis şäheri bilen Awstriýanyň paýtagty Wena şäherleriniň arasynda ýolagçy gatnadar.

Azerbaýjanyň Stadler Rail Group Alstom kärhanasyndan satyn alan döwrebap otlunyň wagonlaryndaky her kupe 2 adamlyk.  

Kupeleriň her birinde internet, sowadyjy, duş we hajathana bar.

Otluda mundan başgada iki restoran we bar bar.


Etiketkalar: Stambul , Baku , Wena , Azerbaýjan , otly

Degişli Habarlar