Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda ýene-de çaknyşyk boldy

Front liniýasy dartgynly bolmagynda galýar

Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda ýene-de çaknyşyk boldy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi serhede girmek islän ermeni ýaragly toparlaryň Azerbaýjanyň goşuny tarapyndan yzyna serpikdirilendigini habar berdi.  

Beýanatda front liniýasynyň Gazak diýilen ýerinde Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň dumanly howadan peýdalanyp serhedi geçmäge çalyşandygy bellendi.

Düzgün bozmanyň anyklanmagy netijesinde ýüze çykan çaknyşykda ermeni toparlaryň yza çekilmäge mejbur galandygy habar berildi.

Ermeni topar gelen mahallary ulanan ulaglaryny hem ýakyp gaçdylar.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi waka bilen bagly wideony halk köpçüligine ýetirdi.  

Geçen hepde hem Ermenistanyň goşunyna degişli toparlar serhedi geçmäge synanyşdy. Ýüze çykan çaknyşykda 1 ermeni esger öldürilipdi, 2 esger bolsa ýaralanypdy.



Degişli Habarlar