Teberrüken Uluçaý DKTR-nyň Jemhuriýet Mejlisiniň başlyklygyna saýlandy

Sese goýulşykda 7 halk deputaty “garşy” ses berdi, 1 halk deputaty bolsa ses bermekden saklandy

Teberrüken Uluçaý DKTR-nyň Jemhuriýet Mejlisiniň başlyklygyna saýlandy

 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Jemhuriýet Mejlisiniň başlyklygyna Jemhuriýetçi türk partiýasynyň Gazimagusa halk deputaty Teberrüken Uluçaý saýlandy.

DKTR-da Jemhuriýet türk partiýasynyň başlygy Tufan Erhürmanyň premýer ministrliginde 4-li şäriklik hökümetiniň gurulmagyndan soň Uluçaý 50 kürsüli Jemhuriýet mejlisinde geçirlen sese goýulşykda 40 “kabul” sesi bilen Mejlisiň başlyklygyna saýlandy.

Sese goýulşykda 7 halk deputaty “garşy” ses berdi, 1 halk deputaty bolsa ses bermekden saklandy.

Uluçaý Mejlisde eden çykyşynda täze döwürde demokratiýanyň has-da ösdürilmegi üçin birlikde tagalla etjekdiklerini nygtady.

Mejlisiň başlygy Uluçaý “Ýurdumyz üçin öz üstümize düşýän jogapkärçiligi birlikde ýerine ýetireris” diýdi.

 



Degişli Habarlar