"Rauf Denktaş tanymal lider hökmünde taryhdaky özboluşly ýerini gorap saklar"

Daşary işler ministrligi DKTR-nyň esaslandyryjy Prezidenti Rauf Denktaşyň aradan çykan gününiň 6-njy ýylynda ýüzlenme çap etdi

"Rauf Denktaş tanymal lider hökmünde taryhdaky özboluşly ýerini gorap saklar"

Daşary işler ministrligi Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň esaslandyryjy Prezidenti Rauf Denktaşyň aradan çykan gününiň 6-njy ýylynda ýüzlenme çap etdi.

Daşary işler ministrliginiň ýüzlenmesinde Rauf Denktaşyň ähli kynçylyklaryň hötdesinden gelýän lider hökmünde taryhdaky özboluşly ýerini hemişe gorap saklajakdygy nygtaldy

 Ömrüni Demirgazyk Kipre bagyşlan Denktaşyň Kipr türk halkynyň hukuklary, deň hukuklylygy we azatlygy üçin arman ýadaman göreşendigi ýatladyldy.

Ýüzlenmede “Merhum Denktaşy uly hormat bilen hatyralaýarys we onuň hatyrasynyň öňünde ýene-de bir gezek hormat bilen egilýäris” diýildi.

 


Etiketkalar: hatyralamak , merhum , DKTR

Degişli Habarlar