Ankarada Türkmen dili boýunça Halkara maslahaty guraldy

Hajattepe uniwersitetiniň Döwrebap Türk Dilleri we Edebiýatlary Bölümi tarapyndan Türkmen dili boýunça Halkara maslahaty öz işine başlady

tkm3.jpg
tkm2.jpg
tkm1.jpg

Maslahata Türkmenistandan we Türkiýäniň köp sanly ýokary okuw jaýlaryndan, daşary ýurtlardan alymlar, talyplar, jemgyýetçilik guramalarynyň we metbugatyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyşynda çykyş eden Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew, Türkmen dili boýunça Halkara maslahatyny guran Hajettepe uniwersitetiniň  ýolbaşçylaryna, işgärlerine sagbolsun aýtdy.

Ilçi Amanlyýew Türkmenistanyň dil syýasaty barada gürrüň berip, onuň döwlet dili hökmünde kabul edilmegi, diliň kämilleşdirilmegi ugrunda alynyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdi.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, professor Myratgeldi Söýegow maslahatyň açylyşynda sözlän sözünde türkmen dili boýunça guralan maslahatyň iňňän möhümdigini nygtap, ony guranlara öz minnetdarlygyny bildirdi. Akademik M. Söýegow çykyşynda türkmen dili, onuň taryhy, dilçi alymlar barada giňişleýin maglumat berdi.

Hajattepe uniwersitetiniň Döwrebap Türk Dilleri we Edebiýatlary Bölüminiň dosenti Sema Aslan Demir bolsa türk diliniň sözleýiş aýratynlyklary, fonetiki we morfologiki özboluşlyklary barada çykyş edip, türkmen dilini beýleki türki diller bilen deňeşdirdi we mysallar getirdi. Sema Aslan Demir türkmen diliniň beýleki oguz dillerine görä taputlyklaryny we aýratynlyklary barada ylmy seljerişleri barada giňişleýin maglumat berdi.

Hajattepe uniwersitetiniň Döwrebap Türk Dilleri we Edebiýatlary Bölümi tarapyndan Türkmen dili boýunça Halkara maslahaty iki gün dowam eder. maslahatda türkmen dili we onuň bilen bagly barlaglar giňişleýin ara alynyp maslahatlaşylar.

Degişli Habarlar