BMG Türkmenistanda täze ofis açar

Bu barada Türkmenistan bilen BMG taýarlyk görýär

BMG Türkmenistanda täze ofis açar

Orta Aziýa ýurtlaryna sapar guran BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen duşuşykda Aral kölüniň häzirki şertlerine laýyklykda “howa çalşygy we daşky gurşawyň goralmagy” barada pikir alyşyldy.

Türkmenistanyň höhümeti we BMG durnukly ösüş üçin bilelikde “Ofis” açmagyň üstünde işleýär.

Türkmenistanyň Lideri Berdimuhamedow; açylmagy meýilleşdirilýän ofisin Türkmenistanyň we BMG-niň daşky gurşawyň goralmagy we howa çalşygy uğurlarynda alyp barjak işlerini meýilleşdirip, durmuşa geçirjekdigini aýtdy.

40 ozal başlan ekerançylyk syýasatlarynyň netijesinde Aral kölüne guýýan Amyderýanyň we Syrderýanyň suwy Arala gelip ýetmän gutarýardy. 40 ýyl ozalkysyna görä suwy 90 göterim azalan we çöle öwrülme howpuna sezewar bolan Araly halas etmek üçin kabul edilen birnäçe karar we döredilen gazna bar. Aral deňizini halas etmek baradaky Halkara gaznasyna 2017-2019-njy ýyllaryň aralygynda Türkmenistan başlyklyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedow Aral köli meselesine uly ähmiýet berýär. BMG-niň Baş sekretary duşuşykdan soň berilen bilelikdäki beýannamada meseläni gün tertibine getirdi. Aral kölüniň deltasyndaki maksatnamanyň üç tapgyrynyň tamamlanandygyny nygtan Berdimuhamedow, çylşyrymly we giň gerimli işe halkara nukdaýnazaryndan çemeleşilmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň hökümetiniň sebitde ekologik şertleriň gowulanmagy we durnuklylygy üçin BMG tarapyndan ýörite maksatnamanyň taýarlanmagy üçin başlangyçlarynyn bardygyny aýdan Berdimuhamedow; BMG-niň Ykdysady we sosial geňeşiniň BMG-niň 72-nji sessiýasynyň çäginde meseläni seljermegini teklip etdi.



Degişli Habarlar