Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş Hytaýa bardy

Numan Kurtulmuş Hytaýyň ýakyn wagtda Türkiýäniň iň möhüm syýahatçylyk hyzmatdaşlarynyň biri boljakdygyny belledi

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş Hytaýa bardy

Kurtulmuş Hytaýda geçirilýän Türkiýe syýahatçylyk ýyly çäreleriniň çäginde Hytaý Syýahatçylyk we gezelenç sergisine gatnaşdy.

Türkiýäniň paneline baryp görüp tanyşdyrylyş çäreleri we Hytaýyň syýahatçylyk bazarynyň Türkiýä bolan gyzyklanmasy barada maglumat alan Numan Kutulmuş beýleki ýurtlaryň panellerine hem baryp gördi we ýadygärlik surata düşdi.

Serginiň ahyrynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Kurtulmuş Türkiýe Syýahatçylyk ýylynyň çäginde Hytaýda takmynan 60-dan gowrak çäre we tanyşdyrylyş işlerini geçirendiklerini ýatladyp Türkiýäniň we Hytaýyň biri-birine geografiýa taýdan uzakdygyny emma medeni taýdan örän ýakyn iki ýurtdygyny belledi.

Kurtulmuş: “Türkiýe Aziýanyň Ýewropa açylan gapysy, Hytaý bolsa Aziýanyň iň gündogaryndaky uly bir ýurt” diýip, iki ýurdyň uly bir medeni baýlyga eýedigini nygtady.

Numan Kurtulmuş: “Biziň täze döwürdäki syýahatçylyk strategiýamyzyň başynda Aziýada Hytaý, Hindistan, Günorta koreýa, Ýaponiýa, Malaýziýa we Indoneziýa ýaly ýurtlarda tanyşdyrylyş çärelerini geçirmek bolar” diýip beýan etdi.

Hytaýda geçen ýyl 130 million adamyň daşary ýurtlara syýahat edendigini aýdan Kurtulmuş Türkiýäni hytaýly syýahatçylara tanatmak isleýändiklerini belledi.

2018-nji ýylda Hytaýdan Türkiýä geljek syýahatçylaryň sanyny artdyrmak üçin ellerinden gelenini etmäge dowam etjekdiklerini aýdan Kurtulmuş: “Geçen ýyl Türkiýä 250 müň töwerek hytaýly syýahatçy geldi. Bu sany şu ýyl 500 müňe ýetmezligine hiç hili bahana ýok” diýdi.

Kurtulmuş: “Hytaý ýakyn wagtda Türkiýäniň iň möhüm syýahatçylyk hyzmatdaşlarynyň biri bolar” diýip nygtady.


Etiketkalar: sorag , sergi , Hytaý , Numan Kurtulmuş

Degişli Habarlar