Tonýa ýaýlaglary ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär

Tonýa möwsümiň ilkinji syýahatçylary gelmäge başlady

Tonýa ýaýlaglary ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär

Trabzonyň Tonýa etraby tebigy gözellikleri bilen birlikde ýaýlaglary bilen hem ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Tonýa al-ýaşyl öwüsýän tokaýlary we aprel aýynda gül açýan “mawy oleandr” hökmünde bilinýän “mawy ýyldyz” gülleri  bilen ünsleri özüne çekýär.

Kadyralak, Erikbeli, Sazalan, Sis dagy we Kadyrga ýaýlaglary bilen hem tanalýan Tonýa möwsümiň ilkinji syýahatçylary gelmäge başlady.

Tonýa ýerli syýahatçylar bilen birlikde esasan hem Pars aýlag ýurtlaryndan gelýän arap syýahatçylarynyň ünsünü özüne çekýär.

Tonýa dünýäde “Tonýa mesgesi” hökmünde tanalýan mesgesi we sebite mahsus ýerli tagamlary bilen hem ýakyndan tanalýar.

 


Etiketkalar: gül desseleri , tokaý , ýaýlag

Degişli Habarlar