Aktual Analiz 12

Afriniň şäher merkezi hem-de golaýdaky obalar Türk ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny tarapyndan halas edildi

Aktual Analiz 12

 

 

Siriýanyň Afrin etrabyny terrorçylardan saplamak we sebiti ýerli halka gaýtaryp bermek üçin başladylan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň çäginde 58 günüň dowamynda Afriniň şäher merkezi hem-de golaýdaky obalar Türk ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny tarapyndan halas edildi. Afriniň şäher merkeziniň terrorçylardan saplanmagy ynsanperwer, harby we syýasy taýdan hem sapak häsýetine eýe hem-de sebitde birnäçe deňagramlygy özgerder. Afrindäki üstünlik yzgiderli täsire eýe bolar.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

7 ýyl dowam eden Siriýa urşunda Afriniň PKK/ÝPG terrorçylaryndan saplanmagy, urşa goşulyşan ähli taraplar üçin gumanitar taýdan bir sapakdyr. Siriýada hökümetiň we onuň tarapdarlarynyň asuda ilaty bombalamagy, gynamalary we gabaw astynda aç goýmagy dünýä jemgyýetçiliginiň gözüniň öňünde bolup geçdi. Hökümetiň asuda ilata garşy gadagan edilen barrel bombalaryny we himiki ýaraglary ulanmagyndan daşgary Russiýa napalm we kasset bombalaryny ulandy. Eýran bolsa dünýäniň köp sanly ýurdundan getiren daşary ýurtly söwejiler bilen Siriýada köp sanly jenaýat işledi.

Beýleki tarapdan ABŞ we ÝPG Siriýanyň demirgazygynda hem-de gündogarynda adamlary göçmäge mejbur edip, gorky imperiýasyny gurdy. ÝPG özüne garşy duran ilaty jezalandyrmak üçin ABŞ-na beren koordinatlary bilen öýlerini bombalatdy, tussaghanalarda köp sanly raýaty gynady. ÝPG-ä garşy bolan siriýaly kürtleri öldürdi, tussag etdi ýa-da başga ýerlere göçmäge mejbur etdi. Rakka şäheri entegem garasaban şäherine meňzeýär we asuda ilat yzyna dolanyp bilmedi. ABŞ Rakkany ýykyp-ýumurandygyna garamazdan gaýtadan dikeldilmegi üçin degişli çäreleri görmeýär.

Siriýada 7 ýyldan bäri dowam edýän uruşda köp sanly wagşylyk edildi. DAIŞ-iň elhenç terror aksiýalary agyr täsir galdyran hem bolsa, asuda ilat esasan hökümetiň, Russiýanyň we ABŞ-nyň bombardymanlarynda ýitgi çekdi. Türkiýe we Azat Siriýa goşuny ilki “Ýefrat Galkany”, soň bolsa “Zeýtun Şahajygy” operasiýalary bilen Siriýadaky we galybersede dünýädäki ähli güýçlere ynsanperwer, harby we syýasy taýdan uly sapak berdi. Rakkanyň we Mosulyň ABŞ tarapyndan haraba öwrülmegi, Halabyň we Gutanyň Russiýa tarapyndan ýer bilen ýegsan edilmegi, Homsyň we Zabadaniniň Siriýanyň hökümetine degişli güýçler tarapyndan ýumrulmagyna garamazdan Türkiýe bilen Azat Siriýa goşuny Afrini tas hiç hili zeper ýetirmezden terrordan saplady.

Siriýada 7 ýyldan bäri dowam edýän uruşda “Zeýtun Şahajygy” we “Ýefrat Galkany” operasiýalary ýaly az ýitgili harby operasiýa guralmady. Operasiýany dowam etdirýän Türkiýe bilen Azat Siriýa goşuny Siriýadaky beýleki güýçler ýaly asuda ilatdan ar almady, tersine olary gorag astyna aldy. Operasiýanyň dowamynda asuda ilata bolan ünsli çemeleşme nusgawy häsýete eýe. Mysal üçin ABŞ Rakka operasiýasynyň dowamynda “Zeýtun Şahajygy” we “Ýefrat Galkany” operasiýalaryndaky ýaly ünsli çemeleşen bolsady, häzirki wagtda ýüzlerçe müň ilat Rakka dolanardy.

“Zeýtun Şahajygy” operasiýasy ynsanperwer, harby we syýasy taýdan nusgawy bolşy ýaly, Siriýada deňagramlyklary hem özgertjekdigi çaklanylýar. “Ýefrat Galkany” operasiýasynda terrorçylardan saplanan ýerler bilen İdlibdäki siriýaly oppozisionerleriň gözegçiligindäki ýerleriň arasynda gönüden arabaglanşyk ýola goýuldy. Şeýlelikde Siriýanyň oppozisiýasy Astana, Soçi we Jenewa tapgyrlaryndaky pozisiýalaryny hasam güýçlendirdiler. Şeýle-de Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk edýän Milli goşunyň gönüden Siriýanyň wagtlaýyn hökümetiň tabynlygynda bolmagy Siriýanyň oppozisiýasynyň harby we syýasy taýdan güýçlendirdi.

Mundan başga-da “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy bilen bilelikde ÝPG barada çişirilen şaryň hem ýarylandygy manysyny aňladýar. Ilki bilen ÝPG-niň harby taýdan “iň uly ýerli güýç” bolandygy baradaky habarlaryň nädogrydygy, hat-da ÝPG-niň ABŞ-nyň gönüden goldawy bolman halatynda hiç zadyň hötdesinden gelmändigi subut edildi. Şol sanda ÝPG-niň Siriýaly kürtlere wekilçilik etmeýandigi we ýerli halk tarapyndan goldanmaýandygy hem belli boldy. Şeýlelikde asuda ilat Afrinden çykmaga synanşýarka ÝPG terrorçylary tarapyndan bökdelendigi hem BMG hem-de uçarmansyz howa ulaglary tarapyndan anyklandy.

Afrindäki üstünlikli operasiýanyň täsiri bilen PKK-nyň gözegçiligindäki beýleki ýerlere zarba urjakdygy äşgär. Ähli zatdan ozal PKK-nyň harby taýdan uly güýç bolmandygy, diňe ABŞ-nyň goldawy bilen iş alyp barýandygy baradaky garaýyş güýçlener. PKK-nyň gözegçiligindäki Munbiçiň başda durmagynda Ýefradyň gündogaryndaky arap taýpalary hem mobilizlenmäge başladylar. İndi araplar PKK garşy aýaga galmaga taýarlanýar.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar