Global Perspektiwa 12 Ýewropa Başdan Geçirýän Çökgünliginden Halas Bolup Bilermikä

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça syny

Global Perspektiwa 12 Ýewropa Başdan Geçirýän Çökgünliginden Halas Bolup Bilermikä

 

Ýewropa Başdan Geçirýän Çökgünliginden Halas Bolup Bilermikä?

 

Ýewropada ýaýbaňlanýan rasizm, faşizm, islamafobiýa, tapawutly ýaşaýyş durmuşlarynyň howp hökmünde kabul edilmegi, günsaýyn dünýäden üzňeleşme ýaly hassalyklar musulmanlar we bosgunlar arkaly diskusiýa edilýän hem bolsa bularyň Ýewropanyň özi sebäpli ýüze çykandygyny ozalky gepleşiklerimizde beýan edipdik.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Ozalky gepleşiklerde Ýewropada başdan geçirilýän şertleri Türkiýäniň 28-nji fewralyna meňzedipdim. (http://www.star.com.tr/ajik-gorus/awrupaýi-28-subatindan-kim-jikarajak-haber-1168353/) Germaniýanyň Içeri işler ministrliginiň görkezijilerine görä, 2017-nji ýylda, diňe bir ýylyň dowamynda musulmanlara garşy 950 hüjümiň guralandygy bellige alynan bolsa (her gün 3 hüjüm), ýetilen sepgitde ondan hem öte geçilene meňzeýär.

Ýewropa sezewar bolan çökgünliginden halas bolup bilermikä?

Oňa göz ýetirmek üçin ilki çökgünligiň sebäpleri barada durlup geçilmeli.

Global näbellilik: ABŞ-daky, Russiýadaky, Hytaýdaky, Türkiýedäki, Hindistandaky we Latyn Amerikadaky wakalar bilen dünýäde 2-nji Jahan urşundan soň gurlan ulgam yranmaga dowam edýär. Şol näbellilik ähli ýurtlarda belli derejede dartgynlyk we biynjalykly emele getirýär. Adaty hyzmatdaşlyklar we duşmançylyklar ýaňadandan seljerilýär. Şol jähtden döwletara gatnaşyklar ýaňadandan dizaýn edilýär. Döwletara blok hyzmatdaşlyklaryň we garşydaşlyklaryň ýerine belli bir ugur boýunça hyzmatdaşlyklar ýa-da garşydaşlyklar öňe saýlanýar.

Günbataryň globallaşmadan ýeterlik derejede gazanç edip bilmezligi: Ýewropa we ABŞ globalllaşma tapgyrlaryndan ýeterlik derejede gazanç edip bilmedi. Hytaý, Hindistan, Braziliýa, Türkiýe ýaly ýurtlar şol tapgyrlardan has uly bähbit gazandylar. Şol sebäpli ABŞ-nyň başda durmagynda käbir ýurtlar ozal başyny çekýän erkin söwda, gümrükleriň aýrylmagy ýaly globallaşma syýasatlarynyň garşysynda durýar. Globallaşma tapgyrlaryndan ýeterlik derejede netije alyp bilmändigi sebäpli Ýewropa ýüze çykan ykdysady durgunlyk, syýasy, jemgyýetçilik, ykdysady, psihiki köp sanly ugra ýaramaz täsir ýetirýär.

Günbatardaky diskurslar we praktikalar çaltlyk bilen globallaşma garşydaşlygyna tarap gönükýär. Ol günbatar üçin düşnükli. Emma globallaşmanyň bähbit getirýän Türkiýe ýaly  ýurtlarynda intelligentleriň we syýasy liderleriň ozalky globallaşma garşy diskurslaryny dowam etdirmekleri, täze hakykata göz ýetirip ýetirmeýändigi soragyny ýüze çykarýar.

Ýewropanyň plýuralist geçmişiniň bolmazlygy: Ýewropadaky çölgünligiň esasy sebäplerinden biri hem globallaşma tapgyrlary bilen tapawutly medeniýetleriň we degişlilikleriň has ýakyn hem-de mese-mälim bolmagy. Tapawutly degişliliklere uzak diýarlarda, ýurtlardaka “gowy çemeleşip bolardy.” Emma goňşy, işdeş, hojaýyn, işgär bolanda şertler üýtgeýär. Çünki Ýewropanyň onuň öwezini dolmak üçin plýuralist geçmişi ýok. Ýewropanyň plýuralist we tapawutlyklar bilen bilelikde ýaşama tejribesi diňe soňky asyra degişli. Ýüz ýyl bolsa taryhçylar üçin düýn hasaplanylýar.

Gözýetimsiz liderler: Ýewropadaky merkez sag we çepçi partiýalar ýaýbaňlanýan radikal akymlara garşy parasatlylyga esaslanmagyň ýerine ses ýitirmezlik üçin has mariginal diskurslary saýlap alýarlar. Ol neo nasist we nep faşist partiýalaryň güýçlenmeginiň öňüni almaýşy ýaly, merkezi sag we çepçi partiýalary hem radikallaşdyrýar. Şonuň netijesinde Ýewropada syýasy häkimiýetler esasan aşa sag partiýalara geçýär.

Assimilirlenen gatlaklaryň täsiri: Öz ýurtlarynda mejbury ýagdaýda Ýewropa göçen, jemgyýetde ornunyň ýokdugyna garamazdan syýasaty ugrukdyrýan assimilirlenen gatlaklar gelen ýurtlary bilen ýaşaýan ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklara artykmajy bilen zeper ýetirýärler. Ýewropa tarapyndan hem goldanýan şol gatlaklar beýleki tarapdan öz pozisiýalaryny legallaşdyrmak üçin assimilirlenmedik, öz şahsyýeti we medeniýeti bilen ýaşaýan jemgyýetine goşant goşmak isleýän bosgunlara garşy meçew beriji çemeleşýär. Ýurtlaryndaky bosgunlara we bosgunlaryň gelen ýurtlaryna goldaýan assimilirlenen gatlaklaryň gözi bilen çemeleşmek Ýewropany geçirimsizleşdirýär, howplylaşdyrýar we meselelere has-da saý çemeleşmegine sebäp bolýar.

Assimilirlenen legal gatlaklar bilen birlikde günbataryň gujak açan, gelen ýurtlaryndaky terror guramalarynyň aksiýalary hem Ýewropanyň şol ýurtlar bilen bolan gatnaşyklaryna zeper ýetirýän faktorlardan biri.

Ýewropanyň çökgünliginiň sebäplerini ýokardaky ýaly düşündirýän hem bolsak, gysga möhletde onuň ýeňilip geçiljekdigini aýtmak kyn. Çünki sebäpler birnäçe günde çözüljek sebäpler däl.

Şeýle şertlerde intelligentler hem möhüm pozisiýa eýeläp bilerler. Ýewropanyň başdan geçirýän çökgünligi we çökgünlikden nähili çykyljakdygy meselesinde Ýewropadaky azatlykçy we plýuralist gatlaklar meselä doly ýetirýärmikäler? Nemes nazizmini we italiýan faşizmini başdan geçiren goja materigiň itelligentleriniň şol meselelere göz ýetirmezligi mümkin bolmasa gerek. Emma şol gatlaklaryň tagallasy çökgünligiň öňüni aljak we ony ortadan aýyrjak derejede däl. Şol sebäpli olaryň sesi günsaýyn peselýär. Rasist partiýalaryň sesleri artýar. Azatlyklary barha çäklenýär. Şol giňişlikler häzirlikçe bosgunlar we musulmanlar üçin daraldylýandygy üçin parhyna barmaýarlar we oňa ähmiýet bermeýärler.

Men Ýewropanyň başdan geçirýän çökgünliginden gysga möhletde çykyp biljekdigini pikir edemok. İlki içindäki tapawutlyklara, soň bolsa Ýewropanyň özüne has agyr günleriň garaşýandygyny pikir edýärin. Hakykatdan hem ýalňyşmak isleýärin. Ýewropanyň bu gezek täze bir jahan urşuna sezewar bolman meseläni çözmegini tama edýärin. Barha tümlüge bürenýän geljegiň, daralýan erkinlikleriň özüni nirelere alyp gitjekdigine göz ýetirer. Biz ýene-de öz üssümize düşýän borjumyzy ýerine ýetireliň. Ýewropa başdan geçirýän çökgünligi barada makalalarymyz bilen duýduryş bermäge, çözgüt teklip etmäge dowam edeliň

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar