Global Perspektiwa - 4 Siriýa: Adamzat Üçin Lakmus Kagyzy

Ankara Ýyldyrym Baýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Professor Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Global Perspektiwa - 4 Siriýa: Adamzat Üçin Lakmus Kagyzy

Global Perspektiwa 4

Käte çekilen agyr ýitgilerden agyr netijeler çykarylýar. Käşgä şol agyr ýitgiler çekilmedik bolsady, şol netijeler çykarylmasady diýýärsiňiz.

Ol belkem iň köp yzda iňňän agyr netijeler goýup giden Siriýa meselesi üçin şeýledir. Arap bahary beýleki ýapyk jemgyýetler ýaly Siriýa ýakyn täsirini ýetirdi. Siriýanyň halkynyň onlarça ýylyň gara gyşyndan, totolitar režimden başyny götermäge başlanlarynda duçar bolan zatlary näme isleýändiklerine göz ýetirme tagallasy däl, dikdator ulgamlarynyň başlangyç reaksiýasy bolan gysyş hereketidi.

Ankara Ýyldyrym Baýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Professor Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

ÝB-niň gymmatlyklarynyň kenara çykmagy…

Eýranyň esgerleri bilen bilelikde gönüden göni söweşe girmegi, Russiýanyň Siriýanyň hökümetini goldamagy we günbatar ýurtlarynyň çözgüt perspektiwasynyň bolmazlygy ýaly sebäplerden Siriýadaky içerki uruş hasam möwjedi. Ýüzlerçe müň adam öldi, öldürildi. Millionlarça adam ýurduny terk etmeli boldy.

ÝB-ne agza ýurtlar Siriýa meselesi bilen bosgunlar öz lagerlerine barýança tas gyzyklanmadylar diýsek ýalňyş bolmaz. Bosgunlar gümrük geçelgelerine barandan soň günbatarda görkezilen reaksiýalar adamkärçilik taýdan diýseň utandyryjydy. Ozallar plýuralizm, bilelikde ýaşamak, adam hukuklary, deňlik, azatlyk, ýaşaýyş hukugy ýaly köp sanly meselede başgalaryny tankyt eden ÝB-ne agza ýurtlarynyň esasy bölegi şol gymmatlyklardan synagdan geçip bilmedi. Bosgunlaryň bolsa şol gymmatlyklara laýyk adamlardygy ünsden düşürildi. ÝB-ne agza ýurtlaryň esasy böleginiň ýeke-täk derdi bosgunlaryň diňe öz ýurtlaryna gelmekleriniň öňüni almak boldy. Şondan soň deňiziň kenaryna galkyp çykan, Aýlanjyk ýaly hossarsyz, biçäre bäbekler däl, eýsem ÝB-niň gymmatlyklarydy.

Türkiýe: Ýewropa demokratiýasyna goşant goşýan ýurt…

Bosgunlar meselesinde İordanianyň, Liwanyň we Türkiýäniň hem ÝB-ne agza ýurtlar ýaly syýasat alyp barandygyny gapylaryny adamkärçilige/bosgunlara ýapandygyny pikir edip göreliň. Şeýle bolan halatynda millionlarça bosgun ÝB-ne agza ýurtlaryň gapysyny kakmaly bolardy. ÝB-ne baryp bilen aza sanly bosgunyň hem şol ýurtlarda gelşiksiz reaksiýalara sezewar bolandygyny, ýaýbaňlanýan faşist we nasist akymlary güýçlendirendigi göz öňünde tutulanda Ýewropanyň adamkärçilik we gymmatlyk krisizi hasam çuňlaşardy.

Türkiýe ýekelikde 3,5 million siriýalyny kabul edendiginine, Siriýa meselesinde açyk gapylar syýasatyny alyp barjakdygyny jar etmegine garamazdan şol syýasatlary alyp baran häkimiýet başyndaky partiýa ses mukdaryny artdyrýar. Türkiýäniň ýekeje şäheriniň, Kilisiň kabul eden bosgun sany köp sanly Ýewropa ýurdunyňkydan köp. ÝB-ne agza ýurtlardan biriniň 130 bosgun kabul edip biljekdigini beýan etmegine Kilisiň şol wagty gubernatorynyň beren jogaby taryhy häsýete eýedi: “Şol ýurt azara galmasyn, men şonçasyna öýümde serederin.”

Ýewropada bosla partiýalar bosgun, migrant, daşary ýurtly we yslam garşydaşy syýasatlar bilen biri-birleri bilen bäsleşip, ses mukdaryny artdyrmagyň derdine düşdüler. Awstriýada “bosgunsyzlyk” wadasyny beren partiuýas saýlawda birinji orny eýeledi. Köp sanly Ýewropa ýurdunda faşist ý we nasist partiýalar güýçlenýär. Käbir ýurtlarda koalisiýa goşulýarlar. Aşa sagyň aşa güýçlenmezligi üçin merkezi sag we çepçi partiýalar hem radikallaşýarlar. Şübhesiz günsaýyn dünýäden çetleşýän we geljegi barha garalýan Ýewropanyň bu çykgynsyzlygy adamzat üçin uly howp emele getirýär. Ýewropada entegem radikalizme meýletmeýän partiýalar häkimiýet başyna gelýän bolsa, onda bosgunlar meselesinde Türkiýäniň we sebitdäki ýurtlaryň adatdan daşary tagallalarynyň eýeleýän orny uludyr.

Eýrana we aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlara tas ýekeje siriýalynyň gitmezligi bolsa aýratyn üstünde durulmaly meseledir.

Zeýtun Şahajygyna garşy gara propoganda…

Ýetilen sepgitde DAİŞ-iň  ýeňlişe sezewar edilendigine garamazdan global güýçleriň Siriýa meselesiniň çözülmegine däl, eýsem çuňlaşmagyna ýönelýän syýasatlary ünsleri çekýär. Ol gynansagam Siriýa mahsus däl. Owganystanda, Yrakda, Liwiýada, Siriýada “Halkara Hyzmatdaşlygynyň” goşulyşan ýerleriniň hiç haýsyna durnuklylyk gelmedi. Tersine ölüm, göz ýaşy, uly göçler bilen şol ýurtlar hasam çykgynsyzlaşdy. Onuň ejirini gynansagam sebitde ýerleşýän ýurtlar çekmeli bolýar. Şol sebäpli şeýle çykgynsyzlyklarda ilki bilen çözgüt tapmak ugrunda jogapkärçilik almajak halkara däl, sebitleýin hyzmatdaşlyklar döredilmeli.

DAİŞ-iň derbi-dagyn edilendigine, içerki urşuň bes edilmäge başlandygyna garamazdan ABŞ-nyň PÝD/ÝPG-ä müňlerçe konteýner ýarag goldawyny bermegi, ÝPG-ni “serhet güýjüne” öwürmek baradaky beýanatlary Türkiýede we sebitde ýerleşýän ýurtlarda hakly reaksiýa emele getirdi. PKK we PÝD Türkiýe bilen sebit ýurtlarynda onlarça müň adamy gyran terror guramasy. ABŞ-da nähili düşünilýän bolsa PÝD-ä ýarag berilmegi we “serhet güýji” baradaky beýanat Türkiýede we sebitdäki ýurtlarda hem şeýle düşünilýär. Türkiýe özüni goramak, sebitleýin durnuklylyk, adamlary şol terror guramasynyň zulmundan halas etmek we özüne ýönelmegi ähtimal göç tolkunynyň öňüni almak üçin “Zeýtun Şahajygy” operasiýasyny başlatdy.

Türkiýäniň şol legal operasiýasyna käbir merkezler tarapyndan bilkastlaýyn we eglişiksiz ýalňyş garalýar. “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň esasy sebäplerinden biri Siriýanyň territorial bitewiligini goramakdyr. Çünki ABŞ tarapyndan goldanýan PÝD/ÝPG terror guramasy Yrakdan Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän sebite ornaşýar we Siriýany bölýär.

Türkiýäniň terrora garşy operasiýasy kürtlere garşy ýaly edilip görkezilmäge synanşylýar. Osama Ben Ladine garşy guralan operasiýa araplara garşy däl-de terrora garşy bolsa Türkiýäniňki hem edil şonuň ýalydyr.

PÝD/ÝPG öz sebitinde özüni goldamaýan kürtlere, araplara, türkmenlere we musulman däl halklara etniki gyrgynçylyk edýär. Ol ýerden gaçan millionlarça adam Türkiýä we sebitdäki beýleki ýurtlara sygyndy. Eger şeýle bolsa soralmaly sorag ABŞ tarapyndan goldaýan terrr guramasynyň sebitiň esasy eýeleriniň yzyna dolanmagyna näme sebäpden rugsat bermeýänligidir. Türkiýäniň operasiýasy sebiti terrordan saplap, ähli etniki we dini gatlaklaryň ýurtlaryna yzyna dolanmagyna şert döretmekdir.

Ähli uruşlar ýaly bu hem elbetde bir gün gutarar. Esasy zat yza öwrülip ser salanymyzda esasy bölegini ýitiren hem bolsak, şeýle uruşlarda geljek nesillere goýlup gidiljek haýsy gymmatlyklary gorap saklanlygymyzdyr.

Ankara Ýyldyrym Baýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Professor Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar