Global Perspektiwa 03 Iýerusalim synsa...

Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Professor Kudret Bülbüliň Iýerusalim baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Global Perspektiwa 03 Iýerusalim synsa...

 

 

Iýerusalim… Musulmanlar, hristiýanlar we ýehudiler üçin mukaddes şäher… Musulmanlaryň ilkinji kyblasy. Hezreti Pygamberiň Magraja göterilen şäheri. Şahyr Sezai Karakoçyň sözleri bilen “asmanda gurlup, ýere inderilen şäher”.

Ýowuz Soltan Selimiň 1516-njy ýylda zabt etmeginden soň 1917-nji ýyla çenli 401 ýyllap Osman Paktyna laýyklykda dürli dinlerden ähli adamlaruň asuda we parahat ýaşaýan şäheri…

Uzak dowam eden parahatçylyk döwründe şu günki düşünjäniň tersine Mekge we Medine bilen birlikde Iýerusalim Ýakyn Gündogara; Ýakyn Gündogardan bolsa bütin dünýä asudalyk yklymynyň ýaýran ýerlerinden biri bolupdyr. Şu günki günde bolsa Ysraýylyň gan kölüne öwürmegi we başdan geçirilýän wakalar bilen birlikde Ýakyn Gündogar käbirleri tarapyndan “batgalyk” hökmünde atlandyrylýar.

Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Professor Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

ABŞ-nyň öz içerki syýasy çekeleşikleriniň dowamy görnüşinde Iýerusalimi bir taraply häsýetde Ysraýylyň paýtagty hökmünde yglan etmegine bütin dünýä garşy durdy. BMG-da aç-açan, gödek we sylaşyksyz abaý-syýasatlara garamazdan ähli ýurtlar seýrek gabat gelýän buýsançly pozisiýa eýelediler. Howpsyzlyk Geňeşinde 14-e garşy 1 ses bilen ABŞ ýalňyz galypdy. Baş Assambleýda ABŞ-dan daşgary diňe 8 ýurt şantaža boýun egdi. Yslam dünýäsi, ÝB-ne agza ýurtlar, Afrika, Latyn Amerika, Uzak Gündogar ýurtlary seýrek gabat gelýän hem bolsa, arkalaşykly hereket etdi.

ABŞ we Ysraýyl bilen birlikde tas ähli ýurtlarda adamlar şol karary protest etdiler. Adamzat hamala diýersiňiz sagdyn pikirde birleşdiler.

Bu taýda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýolbaşçysy hökmünde Türkiýäniň öňbaşçy pozisiýasyna üns çekmek ýerlikli bolar. Prezident R.T.Erdoganyň ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri, Putin, Papa we beýleki ýolbaşçylar bilen gepleşik geçirmegi şol pozisiýanyň eýelenmegi taýdan iňnän möhümdi.

Iýerusalim öz içinde köp sanly düşnüşmezligi bolan musulman ýurtlaryny ýaňadandan birleşdirdi. ÝB-ne agza ýurtlar bilen musulman ýurtlary hem ýaňadandan bir maksada laýyklykda jebisleşdiler.

ABŞ-nyň Iýerusalim baradaky karary Palestina meselesinde hem global garaýyşyň ýüze çykmagyna goşant goşar diýip tama edýäris. Şol karara garşy emele getirilen global ylalaşyk, Palestinada uzak ýyllardan bäri dowam edýän etniki saplaýyşyň görülmegine we sebitde adalata esaslanýan çemeleşmäniň höküm sürmegine goşant goşsun.

Dünýä Garşy Durmadyk Bolsady! Ýa-da Iýerusalim Elden Gidäýse…

ABŞ-nyň Iýerusalim baradaky karary şer ýaly görünýän zatlardan haýyryň hem çykyp biljekdigini görkezýän mysallardan biri.

Eger garşy durulmadyk bolsady, merhum Premýer ministr Erbakanyň yzgiderli üns çekişi ýaly Ysraýyl sebitde ýerleşýän ýurtlara degişli ýerleri özüne birleşdirip, Tigr we Ýefrat derýalaryna çenli uzap gidýän “Arzy Mawut” ideýasy üçin umytlanjakdy. Şu günki günde sebit we adamzat üçin emele getirýän howpy göz öňüne getirilende “Beýik Ysraýylyň” ýüze çykarjak howpyna has gowy göz ýetirmek bolar.

“Arzy Mawut” ideýasynyň yzyna düşen we özleriniň saýlanan kowumdygyny öňe sürýän Sionist ýehudileriň döretmegi ähtimal howpyna rasist we faşist däl ýehudileriň ünsünden sypmaýar. Gitleriň nemesleriň “ýokary millet” bolandygy baradaky nasist ideologiýasynyň adamzat üçin nähili bela bolandygy ýatdan çykmady. ABŞ-nyň Iýerusalim baradaky kararyna garşy durulmadyk bolsady, şeýle “saýlanan millet” ideologiýasy güýçlenerdi.

Iýerusalim kararyna Ýewropa we musulman ýurtlarynyň bilelikde reaksiýa bildirmegi soňky döwürde barha dartgynlaşan musulman we günbatar gatnaşyklarynyň hökmany suratda garşydaş bolmaly däldigini ýene-de bir gezek görkezdi.

ABŞ-nyň kararyna garşy durulmadyk bolsady, mamlanyň däl, eýsem güýçliniň hökmürowan bolan dünýä garaýyşy hasam güýçlenerdi.

Iýerusalim boýunça global derejede tagalla edilmedik bolsady, endige öwrülen biçärelik hasam güýçlenerdi, çäresizleriň geljege bolan ynamy garalardy.

Şol karara synçy bolunan bolsady, Ysraýyl esgerlerine garşy gahrymanlarça göreşýän Palestinanyň buýsançly gyzy Aheediň gözlerine nähili serdilerdi?

Gazada palestinalylar öýleriniň ýykylmagyna garşy göreşýärkä Ysraýyla degişli buldozeriň aşagynda galan 24 ýaşly amerikaly aktiwist Raşel Gorriniň adyny kim tutardy?

Nasizm gaýdyp gelmesin, ýehudi nasizminiň öňi alynmaly….

Eýsem diňe bu ýerde galmak ýeterlikmi?

Elbetde ýok. Çünki Iýerusalim synsa, ýokardaky ähli oňyn zatlar tersine öwrüler.

Iýerusalimiň synmazlygy üçin esasan ýehudiler göreşmeli. Eger şeýle bolman halatynda ilki bilen şolara zarba urlar. Nemes nasizminde ilkinji ýitirenler azatlykçy nemesler bolupdy. Nemes nasizmi sebäpli iňňän agyr ýitgiler çekilipdi. Ýehudi nasizmi sebäpli şeýle pajygalar gaýtalanmasyn.

Görülşi ýaly Iýerusalim meselesi diňe bir musulmanlaryň, hristiýanlaryň, ýehudileriň meselesi däl. Yýerusalim meselesi bütin adamzadyň meselesi.

Çünki Iýerusalim synsa wyjdan synar, adalat synar, adamzat synar…

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Professor Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.


Etiketkalar: dekan , adamzat , adalat , Iýerusalim

Degişli Habarlar