Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Türkiýe Türkmenistanyň energetika taslamalaryny goldaýar.

Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kapuju: “Energetika çeşmeleriniň tapawutlandyrylmagynyň çäginde Türkmenistanyň tebigy gaz taslamalaryny goldaýarys. Gerek bolan şertler ýerine ýetirileninden soň Türkmenistanyň gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýetirilmegine taýardyrys” diýdi.

Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuju: Gerek bolan şertleriň ýerine ýetirilmeginden soň Türkmenistanyň gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýetirilmegine taýardyklaryny belläp: “Energetika çeşmeleriniň tapawutlandyrylmagynyň çäginde Türkmenistanyň tebigy gaz taslamalaryny goldaýarys” diýdi.

Aşgabat Halkara Energetika hartiýasy maslahatynda Anadoly habarlar gullugynyň soraglaryna jogap beren Kapuju 2017-nji ýylyň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25-nji ýylydygyny habar berdi.

Ýurtlaryň arasyndaky medeniýet, dil we din birliginiň köp taraply gatnaşyklaryň esasyny emele getirýändigini aýdan Kapuju: “Bir millet iki döwlet sözlemi Türkmenistan üçin hem degişli. Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklarymyz örän gowy derejede, ähli ugurlarda ýakyn gatnaşyklarymyz we hyzmatdaşlygymyz bar. Söwda gatnaşyklarymyz hem şol çäkde ýurdyň garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan bäri uly ösüşe eýe boldy. 2013-nji ýylda iň ýokary derejä ýetip, 3 milliard dollardan geçdi. Häzirki wagtda söwda kuwwadynyň dünýädäki ykdysady krizis sebäpli biraz peselsede, entegem uly söwda kuwwadyna eýediris. Häzirki wagtda iki ýurdyň arasynda 1,7 milliard dollara golaý söwda kuwwadymyz bar. Türk gurluşyk kärhanalary şu günki güne çenli takmynan 50 milliarda golaý taslamany durmuşa geçirdi. Möhüm taslamalary hem türk gurluşyk kärhanalary durmuşa geçirdi. Türk gurluşyk kärhanalarynyň iň köp iş ýerine ýetirýän ýeri Türkmenistan” diýip belledi.

Kapuju Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarda aragatnaşyk we energetika hyzmatdaşlygynyň örän wajyp oruna eýedigine ünsleri çekip, Ýüpek ýoly taslamasynda Türkmenistanyň wajyp bir geçelge nokadydygyny nygtady.

Türkiýäniň Türkmenbaşy şäherinde şol maksada hyzmat etjek bir port taslamasynyň bardygyny ýatladan Mustafa Kapuju: “Ony hem türk kärhanasy ýerine ýetirýär. Öňümizdäki ýyl ol hem tamam bolar. Şol çäkde Ýüpek ýoly taslamasynyň çäginde  ýene-de bir taslama ulanylmaga beriler. Bu örän uly bir taslama. Diňe Hazar deňiziniň däl eýsem dünýäde wajyp bir portlaryň biridir” diýip mälim etdi.

Ilçi Kapuju: “Energetika çeşmeleriniň tapawutlandyrylmagynyň çäginde Türkmenistanyň tebigy gaz taslamalaryny goldaýarys. Gerek bolan şertler ýerine ýetirileninden soň Türkmenistanyň gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýetirilmegine taýardyrys” diýdi.

 

Türk dünýäsinden gelip gowuşan habarlar bilen dowam edýäris.

Gazagystanyň Prezidenti Nazarbaýew Türkiýe Respublikasynyň Wise-premýerini kabul etdi. Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Türkiýe Respublikasynyň Wise-premýeri Tugrul Türkeşi kabul etdi.

Akorda metbugat metbugat merkezinden berilen beýanata görä Wise-premýeri kabul eden Nursoltan Nazarbaýew Türkiýe Respublikasynyň Gazagystanyň ýakyn we dogan ýurtlaryndan biridigini belläp, Gazagystanyň garaşsyzlyga eýe bolmagyndan bäri geçen 25 ýylyň dowamynda iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlarda barha özgerendigini habar berdi.

Nursoltan Nazarbaýewe kabul edendigini üçin minnetdarlyk bildiren Tugrul Türkeş Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň salamyny ýetirdi. Mundan başgada Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ençeme asyrlyk taryha eýedigini ýatladyp, Gazagystanyň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde hemişelik bolmaýan agzalygy bolmak bilen halkara guramalarda görkezýän işjeňliginiň Türkiýe üçin wajypdygyny mälim etdi.

 

Gepleşigimizi Özbegistandan gelip gowuşan habarymyz bilen tamamlamak isleýäris.  Özbegistan ýurdunyň galkynyşy üçin maýa goýumlara dowam edýär.

Özbegistandan gidroelektrik desga taslamasyna 2,6 milliard dollarlyk maýa goýum.

Özbegistanyň hökümedi 2017-2021-nji ýyllar aralygynda ýurtda guruljak gidroelektrik desgalar taslamalaryna 2,6 milliard dollarlyk  maýa goýar.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan gol çekilen gidroelektrik desgalarynyň gurulmagy bilen baglanşykly kararnama görä 5 ýylyň dowamynda ýurtda guruljak 18 täze gidroelektrik desganyň gurluşygy we 14 gidroelektrik desganyň abatlanmagy üçin jemi 2 milliard 650 million dollarlyk maýa goýulmagy maksat edinilýär.

Gidroelektrik desgalarynyň özgerdilmegi programasynyň durmuşa geçirilmeginden soň 2026-njy ýylda gidroelektrik desgalarynyň elektrik tok önümçiliginiň 70 göterim artmagy we gidroelektrik desgalarynyň elektrik tok önümçiligindäki paýynyň 12,7 göterimden 15,8 göterime ýetmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar