“Dünýä täze ýarag ýaryşynyň başlamagyny islemeýär”

ÝB, resmi Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda şertnamanyň dowam etdirilmegi üçin gepleşik geçirilmelidigini ýatlatdy

“Dünýä täze ýarag ýaryşynyň başlamagyny islemeýär”

ÝB, ABŞ-nyň Orta aralykly atom güýçler şertnamasyndan çekilmek karary barada, resmi Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda şertnamanyň dowam etdirilmegi üçin gepleşik geçirilmelidigini ýatlatdy.

ÝB Komissiýasy tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda “ABŞ bilen Russiýa Orta aralykly atom güýçler şertnamasynyň goralyp saklanmagy üçin gepleşiklerini dowam etdirmeli. Ýewropanyň we halkara jemgyýetçiliginiň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi taýdan şertnamanyn dowam etdirilmegi diýseň möhüm” diýildi.

Beýanatda şertnamanyň sowuk söweşiň ortadan aýrylmagynda esasy rol oýnandygy nygtaldy we “Dünýä täze ýarag ýaryşynyň başlamagyny islemeýär” diýildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurdunyň Russiýa bilen baglaşan “Orta aralykly atom güýçler şertnamasyndan” çekiljekdigini mälim edipdi.

ABŞ bilen Russiýa, 1987-nji ýylda Waşingtonda Ýewropadaky we Uzak Gündogardaky hyzmatdaşlaryny goramak maksady bilen Orta aralykly atom güýçler şertnamasyny baglaşypdy.

Şertnama Russiýa bilen ABŞ-nyň menzili 300-3400 mil bolan gury ýerden atylan raketa almagyny, öndürmegini ýada synagdan geçirmegini gadagan edýär.

ABŞ Russiýany ýygy-ýygyndan şertnamany basgylamakdan günäkärleýär.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: atom , Russiýa , ýarag şertnamasy , ÝB

Degişli Habarlar