ABŞ, Russiýanyň talabyny ret etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Ukrainanyň gündogarynda referendum geçirilmegi baradaky teklibini ret etdi

ABŞ, Russiýanyň talabyny ret etdi

Ak Tam Ukrainanyň gündogarynda geçiriljek referendumy bikanun hökmünde garajakdklary barada dyýduryş berdi.

Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherindäki duşuşykda Putiniň, Trampa Ukrainanyň gündogarynda referendumyň geçirilmegini teklip edendigini, Russiýanyň Waşingtondaky ilçisi tarapyndan habar berilipdi.

Ilçiniň beýanatyna Trampyň Milli howpsyzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Garret Markuiz jogap berdi.

Markuiz Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň arasynda referendumyň ýokdugyny ýatlatdy. Garret Markuiz bu babatdaky islendik hereketiň bikanun boljakdygyny belledi.



Degişli Habarlar