Owganystanda 33 işgär zamun alyndy

Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynda ýol gurluşygynda işleýän 13 tehnik we 20 goragçy Talibanly başbozarlar tarapyndan zamun alyndy

Owganystanda 33 işgär zamun alyndy

Kandagaryň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Dawut Ahmadi Talibana agza terrorçylaryň Kandagaryň Spin Buldek etrabynda bir ýol gurluşyk kärhanasyna ýaragly hüjüm guramagyndan soň, 13 tehnik işgärini we 20 goragçyny zamun alandyklaryny habar berdi.

Işgärleri halas etmek üçin ol ýere baran polisiýa işgärleri bilen başbozarlaryň arasynda çaknyşyk bolandygyny aýdan Ahmadi çaknyşykda 4 polisiýa işgäriniň ýogalandygyny, 1 polisiýa işgäriniň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Ahmadi işgärleriň nirä alynyp gidilendigini bilmeýändiklerini, olaryň halas edilmegi üçin gözleg işlerini başladandyklaryny beýan etdi.


Etiketkalar: Kandagar , işgär , Owganystan

Degişli Habarlar