Tramp Iordan Şasyny kabul eder

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 25-nji iýunda İordan Şasy Abdullah II bilen duşuşar

Tramp Iordan Şasyny kabul eder

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýanatda Tramp bilen aýalynyň Iordan şasy Abdullah II bilen Şa aýal Raniany kabul etjekdigi nygtaldy.

Beýanatda Tramp-Abdullah duşuşygynda özara we sebitara gatnaşyklar bilen birlikde Eýran howpy bilen Siriýadaky krizisiň seljeriljekdigi nygtaldy.

Tramp bilen Şa Abdullahyň şeýle hem Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda yzygiderli parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin ediljek tagallalary ara alyp maslahatlaşjakdygy bellenildi.

 



Degişli Habarlar