Putin bilen Trampyň Brýusselde duşuşmagyna garaşylýar

Tramp bilen Putin NATO-nyň maslahatynyň çäginde duşuşmak barada karar aldy

Putin bilen Trampyň Brýusselde duşuşmagyna garaşylýar

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň NATO-nyň iýul aýynyň 11-12-i aralygynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek maslahatynyň çäginde duşuşyp biljekdigi öňe sürüldi.

Amerikan köpçülikleýin habar beriş serişdelerine görä, Tramp bilen Putin NATO-nyň maslahatynyň çäginde duşuşmak barada karar aldy.

Amerikan hökümetiniň duşuşygyň ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda geçirilmegini isýändigi emma rus tarapynyň bolsa duşuşygyň bitarap ýurtda geçirilmegini isleýändigi nygtaldy.

Duşuşyk hakynda heniz resmi beýanat berilmedi.

Beýleki tarapdan Rus hökümetiniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Prezident Trampyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jon Boltonyň üstümizdäki aýyň ahyrynda Moskwa sapar gurajakdygyny aýtdy.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg bolsa Britaniýanyň paýtagty Londonda beren beýanatynda Tramp-Putin duşuşygynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar