G7-ä agza ýurtlar Skripal wakasy bilen bagly beýanat berdi

G7-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Britaniýanyň Solsberi şäherinde 4-nji martda ozalky rus içaly Sergeý Skripala we gyzy Ýuliýa garşy guralan hüjümi ýazgardy

G7-ä agza ýurtlar Skripal wakasy bilen bagly beýanat berdi

Kanadanyň Daşary işler ministrliginden G7-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň we ÝB wekilleriniň adyndan umumy beýannama berildi.

ABŞ-nyň hüjümiň jogapkäriniň Russiýadygyny beýan edýän beýannamasyny kabul edýändiklerini aýdan G7-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri: “Russiýany Solsberidäki wakasy bilen bagly ähli soragalara jogap bermäge çagyrýarys” diýildi.

Beýannamada II Jahan urşundan bäri Ýewropada ilkinji nerw gazy maddasynyň bu hüjümde ulanylandygyna ünsler çekildi.

Himiki ýaraglaryň bir döwlet tarapyndan ulanylmagynyň halkara hukugyň aýdyň bir düzgün bozmasydygy we her kim üçin bir howp eme getirýändigi aýdylýan beýanatda: “G7 kada-düzgünlere esaslanýan halkara ulgamy goramaga we özgermetmäge borçlanýar. Russiýany Himiki ýarag ylalaşygyny düzgünlerini we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik bir wekili hökmünde jogapkärçiliklerini halkara parahatçylyk we howpsyzlyk üçin ýerine ýetirmäge çagyrýarys” diýildi.  


Etiketkalar: Russiýa , himiki ýarag , Kanada

Degişli Habarlar