G7-ä agza ýurtlar Gündogar Gutadaky hüjümi ýazgardy

G7-ä agza ýurtlaryň liderleri Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň 7-nji aprelde guran himiki hüjümini ýazgardy

G7-ä agza ýurtlar Gündogar Gutadaky hüjümi ýazgardy

Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo G7-niň döwürleýin başlygy hökmünde liderleriň adyndan beren beýanatynda: “Biz G7-niň liderleri we ÝB hökmünde Siriýanyň hökümetiniň Gündogar Gutadaky hüjüminde himiki ýarag ulanmagyny iň berk ýagdaýda ýazgarýarys” diýip belledi.

Jastin Trýudo ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň Asada tabynlykday güýçleriň himiki ýarag ulanmagynyň öňüni almak we gelejekde bular ýaly wakalaryň öňüniň alynmagy üçin alyp barýan ähli tagallalaryny doly ýagdaýda goldaýandyklaryny habar berdi.

Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo beýanatynda: “Himiki ýaraglaryň ulanylmagy Himiki ýaraglar ylalaşygynyň düzgünleriň bozulmagydyr we halkara parahatçylyk we howpsyzlyk üçin howp emele getirýär. Geçmişde Asada tabynlykdaky güýçleriň himiki ýarag ulanandygy garaşsyz halkara hünärmenler tarapyndan tassyklandy. Ýerli halky terrorizirlemek we olary zor bilen kabul etdirmek bilen bagly strategiýany ýazgarýarys” diýip belledi.

Asada tabynlykdaky güýçleriň Gündogar Gutada oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky soňky ýer bolan Duma etrabynda asuda ilatyň ýaşaýan ýerine 7-nji aprelde himiki ýarag bilen guran hüjüminde 78 adam ýogalypdy.


Etiketkalar: ýazgarmak , liderler , G7 , Kanada

Degişli Habarlar