Eýran-Pakistan serhedinde çaknyşyk boldy

Hadysada jemi 6 adam ýogaldy

Eýran-Pakistan serhedinde çaknyşyk boldy

Eýranyň günorta-gündogarynda serhet goragçylaryna garşy guralan hüjümde 3 esger bilen 3 hüjümçi ýogaldy.

Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň Iýerusalim ştabyndan berilen beýanata görä şu gün irden ýaragly bir topar serhediň Pakistan tarapyndan serhetdäki gözegçilik diňine hüjüm gurady.

Howpsyzlyk güýçleriniň garşylyk görkezmegi netijesinde ýüze çykan çaknyşykda hüjümçileriň 3-siniň öldürilendigi, 1 esgeriň bolsa ýogalandygy mälim edildi.

Beýleki tarapdan goldaw bermek maksady bilen çaknyşygyň bolan ýerine barýan Ynkylap goragçylaryna degişli bir ulagyň ýola ýerleşdirilen minanyň partlamagy netijesinde bolsa 2 esgeriň ýogalandygy, 2-siniň bolsa ýaralanandygyny habar berildi.

Beýanatda hüjümçileriň haýsy gurama degişlidigi barada bolsa maglumat berilmedi.



Degişli Habarlar