Sankt-Peterburg şäherinde bir wagtyň özünde üç gün göründi

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň ýaşaýjylary şöhleleriň refraksiýasy netijesinde emele gelýän we seýrek hem bolsa gabat gelýän tebigy wakalaryň birine şaýat boldylar

Sankt-Peterburg şäherinde bir wagtyň özünde üç gün göründi

Tebigy hadysa şaýat bolan şäheriň ýaşaýjylary alan suratlaryny sosial mediadan paýlaşdylar.

“Aldawçy gün” ýa-da latyn dilinde 'parhelia' hökmünde bilinýän bu seýrek tebigy hadysa günüň şöhleleriniň döwülmegi netijesinde emele gelýär we seýrek hem bolsa gabat gelmek bolýar.

Günden gelýän şöhleler göz bilen görüp bolmaýan buz kristallaryna düşýär we gün klonlanan ýaly şol bir wagtda 3 sany ýaly görünýär.


Etiketkalar: şöhle , gün , Sankt Peterburg

Degişli Habarlar