"Ýakyn Gündogar üçin 7 trillion dollar sarp etdik"

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurdunyň şu günki güne çenli Ýakyn Gündogar üçin 7 trillion dollar sarp edendigini aýtdy

"Ýakyn Gündogar üçin 7 trillion dollar sarp etdik"

Ak Tamda ABŞ-nyň 2019-njy ýyldaky bujeti barada beýanat beren Tramp, Ýakyn Gündogarda şu günki güne çenli diýseň köp pul serişdesiniň sarp edilendigini aýtdy.

Tramp “Birnäçe aý ozalky hasaplara görä, Ýakyn Gündogarda 7 trillion dollar sarp etdik. Bu diýseň uly ýalňyşlyk. Şu günki günde Ýakyn Gündogardaky ýagdaý 17 ýyl ozalky ýagdaýdan has erbet. Bu diýseň gynandyryjy ýagdaý” diýdi.

Prezident bolmazdan ozal saýlaw kampaniýasy döwründe ABŞ-nyň Yragy basyp almagyny “uly ýalňyşlyk” hökmünde häsiýetlendiren Tramp, ýurdunyň Ýakyn Gündogar meselesine harby taýdan goşulyşmagyna garşy tutum alyp barýardy.

 


Etiketkalar: ABŞ , dollar , trillion , Ak Tam

Degişli Habarlar