ABŞ-da grip epidemiýasy ýaýbaňlanýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda soňky 15 ýylyň iň agyr grip epidemiýasy başdan geçirilýär

ABŞ-da grip epidemiýasy ýaýbaňlanýar

Ýanwar aýynyň 3-nji hepdesinde grip we öýken sowuklamasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 4 müňden geçdi, ýogalan adamlaryň 63-i çaga.

Resmiler epidemiýanyň ýene-de birnäçe hepde dowam edip biljekdigini, infeksion gribiň beýlekilere garanyňda has kyn geçýändigini belleýärler.  

Ýurtdaky grip epidemiýasy bilen baglanşykly beýanat beren Keselleriň öňüni alyş we goraýyş merkeziniň müdüri Anne Şuşat: “Örän kyn möwsüm bolar we haçan tamamlanjakdygyny bilmeýäris” diýdi.

Gripden ýogalan adamlaryň sanynyň öňümizdäki hepdelerde artmagyna alada bildirýändiklerini aýdan Şuşat syrkawlary bejergi edýän her 13 lukmanyň 1-iniň hem grip keseli bilen keselleýändigini habar berdi.


Etiketkalar: lukman , epidemiýa , grip , ABŞ

Degişli Habarlar