Gündogar Gutada guralan hüjümlerde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy

Gözleg we halas ediş işlerinde harabalyň aşagynda galan köp sanly adam halas edildi

Gündogar Gutada guralan hüjümlerde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy

 

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan gabaw astyna saklanýan Gündogar Guta şäherinde guralan hüjümlerde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy.

Asada tabynlykdaky güýçler Duma we Haresta etraplary bilen Beýt Sawa, Misraba, Sakba, Arbin, Merj, Jisrin, Medýere we Hammuriýe etrapçalaryna howa hüjümini gurady.

Gözleg we halas ediş işlerinde harabalyň aşagynda galan köp sanly adam halas edildi.

Ýaralananlar bolsa golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Yzygiderli ýagdaýda dowam edýän hüjümler sebäpli ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

2017-nji ýylyň 14-nji noýabryndan bäri Gündogar Gutada guralýan hüjümlerde asuda ilatdan azyndan 312 adam ýogaldy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar